Russiýaly belli MMA söweşijisi Habib Nurmagomedow bilen Niderlandlaryň meşhur futbolçysy Klarens Seýedorf BAE-niň iri şäheri Dubaýda sport mekdebiniň düýbüni tutdular. Bu barada Real, Milan ýaly klublarda oýnan Seýedorf öz Instagram sahypasynda belläp geçdi. Ol “Dostum Habib bilen şeýle işe baş goşandygymyz üçin men örän şat” diýdi. “Seedorf Khabib Performance Club” ady bilen işläp başlajak mekdepde çagalara futbol hem-de garyşyk söweş sungatynyň inçe tilsimleri öwrediler. Seýedorf degişli ýerli ýolbaşçylaryň uly goldawynyň bardygyny belläp, esasy maksatlarynyň dünýäde çagalary sporta çekmek bilen olaryň sosial, aň babatda kämilleşmegine itergi bermekdigini aýtdy. Ol: “Bu işe Dubaýda başlasagam öňümizdäki 5 ýyllyk döwürde muny has-da globallaşdyrmagy maksat edinýäris” diýip, belledi.