Por­tu­ga­li­ýa we­lo­si­ped ön­dür­mek­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da öňe saý­lan­ýar. Ýew­ro­pa­nyň sta­tis­ti­ka gul­lu­gy «Eu­ros­tat»-yň ha­ba­ry­na gö­rä, ge­çen ýyl bu ýurt­da iki ti­gir­li ulag se­riş­de­le­ri­niň 2,5 mil­li­on­dan gow­ra­gy ön­dü­ri­lip, ola­ryň hem­me­si di­ýen ýa­ly eks­port edi­lip­dir. Bi­ler­men­le­riň aýt­ma­gy­na gö­rä, önüm­çi­li­giň hä­zir­ki dep­gi­ni ýur­dy Ita­li­ýa we Ger­ma­ni­ýa ýa­ly esa­sy we­lo­si­ped ön­dü­ri­ji­le­riň ha­ta­ry­na çy­ka­rar.
– 2018-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa, tak­my­nan, 3 mil­li­on ýew­ro ga­za­nan bol­sa, 2019-njy ýyl­da 50 mil­li­on ýew­ro ga­zan­dy. Bu ga­ty uly ösüş­dir. Ge­çen ýyl pan­de­mi­ýa hem-de önüm­çi­lik üçin ze­rur bo­lan äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­my­zyň ge­lip ýe­tiş­män­di­gi se­bäp­li sa­tuw bel­li bir de­re­je­de aza­lyp, tak­my­nan, 36-37 mil­li­on ýew­ro deň bol­dy – di­ýip, eks­port bo­ýun­ça do­lan­dy­ry­jy Fi­li­pe Mo­ta aýt­dy.
Do­lan­dy­ry­jy­nyň söz­le­ri­ne gö­rä, bu ýyl kom­pa­ni­ýa has köp gir­de­ji ga­za­nyp bi­ler. Ge­çen ýyl açy­lan za­wod ýyl­da 250 müň we­lo­si­ped ön­dür­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir, ýö­ne kom­pa­ni­ýa da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ze­rur äti­ýaç­lyk­la­ryň ýet­mez­çi­li­gi se­bäp­li mu­nuň ýa­ry­sy­na go­la­ýy­ny ön­dür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, lo­gis­ti­ka me­se­le­le­ri­niň 2023-nji ýy­la çen­li çö­zül­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Bu we­lo­si­ped önüm­çi­li­gi pu­da­gyn­da iş­le­ýän 8 müň por­tu­ga­li­ýa­ly we­lo­si­ped iş­gä­ri üçin ruh­lan­dy­ry­jy ha­bar­dyr.
Ýew­ro­pa­da­ky iň uly we­lo­si­ped za­wo­dy Por­tu­ga­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Wi­la-No­wa-di-Ga­ýa­da ýer­leş­ýär. Bu ýer­de içer­ki ba­zar üçin di­ňe 5%-i ýyg­na­lyp, ga­lan 95%-i, esa­san, Fran­si­ýa, Is­pa­ni­ýa we Pol­şa ýa­ly ýurt­la­ra eks­port edil­ýär.