Arheologlar Angliýanyň Bukingemşir şäherindäki köne Norman buthanasynyň çäginde üç sany gadymy rim heýkelini tapdylar. Arheologlaryň pikiriçe, ozal ybadathananyň ýerinde normanlar tarapyndan ýok edilen rim aramgähi bolupdyr. Hünärmenler heýkellerden başga-da çüýşeden ýasalan gadymy rim küýzesini hem tapdylar. Küýze müň ýyldan gowrak topragyň jümmüşinde ýatypdyr. Rim heýkelleri Britan muzeýine gowşurylyp bilner, ýöne bu barada entek karara gelinmedi.