Demirgazyk Koreýada robot mugallym döredildi. Bu robotyň çagalara matematikany, aýdym-sazy we iňlis dilini öwretjekdigi aýdylýar. Demirgazyk Koreýanyň döwlet telewideniýesi KRT tarapyndan ýaýlyma berlen habarda boýy 80 santimetre bolan zenan sesli robot ellerini galgadyp: “Çagalaryň akyl-paýhasyny ýokarlandyrýan tehnologiýalary öwretmäge kömek edýärin” – diýýär. Teleýaýlymda adamsypat görnüşli ýene iki sany uly plastik robot görkezildi. Robotlaryň biriniň ýüzi ekranly kellesi we ýylgyrýan ýüzi bar. Gök eşikli beýleki robot bolsa ak äýnek dakynypdyr.