Göräýmäge adaty ýaly bolsa-da, tebigat çylşyrymly ulgamdyr. Ol her pasylda birhili keşbe girýär. Her paslyň hem özüne mahsus hadysalary we täsirleri bar. Ýöne köpleriň halaýan hadysasy bolan ýagyş ýylyň islendik möwsüminde hem ýagýar. Ýagyş ýaganda daş-töwerek arassalanýar, toprak yzgar bolýar. Ýagyş atmosferadaky buguň emele getiren buludynyň düzümindäki suwuň dykyzlaşmagy netijesinde damjalar görnüşinde ýere düşmegidir. Ol tebigatdaky suw aýlawynyň esasy bölegi bolup, süýji suwuň köp bölegini emele getirýär. Ýagyş ekoulgam üçin amatly şertleri, şeýle hem gidroelektrik stansiýalary we ekinleri suwarmak üçin gerekli suwy üpjün edýär. Ýer ýüzündäki global ýylylyk dünýäde ýagynlaryň üýtgemegine sebäp bolýar. Şonuň üçin daglyk ýerlerde çygly howanyň ýygjamlaşmagy we ýagşyň ýagmagy üçin beýiklikdäki ýeriň şemally taraplarynda ýokary derejeli emeli akymlar köpeldilýär. Gar we buzluklar bilen örtülen bolsa-da, Antarktida iň gurak materik hasaplanýar. Çünki bu ýerde ýagyş ýagmaýar diýen ýaly.
Ýagyş ýagandan soňra howada ýakymly ys peýda bolýar. Köp adam muny «ýagşyň ysy» diýip hasap edýär. Aslynda, bu beýle däl. Sebäbi ýagyş suwdan ybarat. Suwuň ysynyň we reňkiniň ýokdugy ozaldan mälim. Ýagyşdan soňra topragyň gurluşyna we ösümlikleriň görnüşine görä dürli yslar emele gelip bilýär. Şol sebäpli bu ys möwsüme we tebigata görä üýtgeýär. Adamyň burny bir trillion ysy saýgaryp bilýär. Ýagyşdan soňky ys toprakdaky bakteriýa bolan aktinomisetleriň ysydyr. Bu bakteriýa toprakda ýaşaýar we ýagyş ýaganda köpelýär. Aslynda, olar elmydama bar, ýöne çygly şertlerde köpelme prosesi güýçlenip, spora (tohum) öndürýärler. Ýagyş ýaganda toprakdaky bu sporalar ýagyş damjalarynyň täsiri bilen aýrylýar. Ýagyn dynandan soň daşky gurşawda emele gelýän çygly howa sporalary ýokaryk göterýär. Şeýlelik bilen hoşboý ys emele gelýär. Ýagyşdan soňky ys geosmin atly himiki maddadyr. Bu madda sianobakteriýalar tarapyndan öndürilýän galyndy, gök-ýaşyl suwotular, bakteriýalar we käbir kömeleklerdir. Başgaça aýdylanda, bu madda janly organizmleriň adaty biologik funksiýalarynyň önümidir.