Dün­ýä­de aku­la­la­ryň we skat­la­ryň (uly wag­şy de­ňiz ba­ly­gy) müň tö­we­re­gi gör­nü­şi bar. Her ýyl ola­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri hem ta­pyl­ýar.

Suw bar ýe­rin­de ba­lyk hem bol­ýar. De­ňiz ke­nar­la­ryn­da ös­ýän mang­row to­kaý­la­ryny suw ba­san wag­ty de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň kö­pü­si bu su­wa gel­ýär­ler. Se­bä­bi agaç kök­le­ri­niň ara­syn­da­ky saý suw ýa­şa­mak, kö­pel­mek, aw et­mek üçin oňaý­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Mang­row to­kaý­la­ry­na gel­ýän jan­dar­la­ryň bi­ri hem aku­la­lar­dyr. Uly göw­rüm­li ýyr­ty­jy jan­dar­lar ýo­kar­dan se­re­de­niň­de düý­bi gör­nüp du­ran su­wa gel­ýär­ler. Mang­row to­kaý­la­ryn­da li­mon aku­la­sy, ga­ra ýüz­güç­li aku­la, orl­ýak­şe­kil­li aku­la, guý­ru­gy ge­mir­çek­li ba­lyk we aku­la­nyň beý­le­ki gör­nüş­le­ri ýa­şa­ýar.
Edil guş­lar we gu­ry ýer­de ýa­şa­ýan kä­bir jan­dar­lar ýa­ly suw­da ýa­şa­ýan jan­dar­la­r hem göç­ýär­ler. Bu jan­dar­lar dür­li se­bäp­le­re gö­rä, dog­lan ýer­le­rin­den has uzak ara­ly­ga gi­dip, bel­li bir wagt­dan soň­ra ýe­ne-de şol ýe­re gaý­dyp gel­ýär­ler. Kä­bir jan­dar­lar ýüz­ler­çe, hat­da müň­ler­çe ki­lo­metr uza­ga gid­ýärler. Ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­lar haý­wan­la­ryň Ýe­riň geo­mag­nit meý­da­ny­ny oňat bil­ýän­dik­le­ri­ni ýü­ze çy­ka­ryp­dyr.
Dür­li gör­nü­şi bo­lan aku­la­lar hem bel­li bir wagt­da göç­ýär­ler. Adat­ça, giň um­man­lar­da ýa­şa­ýan bu jan­dar­lar ömrüniň belli döwürlerinde mang­row to­kaý­la­ry­na gel­ýär­ler. To­kaý­da­ky agaç­la­ryň kök­le­ri­niň ara­syn­da gez­ýän aku­la­lar bu ýer­de köp muk­dar­da ga­bat gel­ýän ba­lyk­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Man­grow to­kaý­la­ryn­da­ky saý suw aku­la­dan baş­ga-da de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň kö­pü­si­ni özü­ne çek­ýär. Şol se­bäp­li bu suw­lar­da has baý ekoul­gam eme­le gel­ýär.