Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelo di Sousa ýurduň parlamentini ýatyrydy we 30-njy ýanwarda wagtyndan öň saýlawlary geçirmäge çagyrdy. Geçen hepde deputatlar hökümetiň indiki ýyl üçin hödürlän býujetini makullamadylar. Premýer-ministriň egindeşleri parlamentde azlyk edip, beýleki partiýalaryň goldawyna mätäçdi. Çepçi hereketler saglygy goraýyş, ýokary pensiýa we aýlyk haklaryndaky reformalary talap edip, býujetiň garşysyna çykdylar.