Hal­ky­myz­da ýol gur­mak iň so­gap iş­le­riň ha­ta­ryn­da gö­rül­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz ýol gu­ra­na uly sar­pa go­ýup, he­mi­şe al­kyş aý­dyp­dyr. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän şeý­le so­gap­ly iş­le­re aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­lip, hormatly Prezidentimiz ta­ra­pyn­dan iri göw­rüm­li hem-de iň­ňän uly tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şo­la­ryň bi­ri hem türk­men te­le­ke­çi­le­ri ta­ra­pyn­dan gu­rul­ýan Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­dyr.
Asyr­la­ra ba­ra­bar iş­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan kuw­wat­ly döw­le­tin­de ýe­ne-de bi­r iri tas­la­ma­nyň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi türk­men hal­ky­nyň şat­ly­gy­ny go­şa­lan­dyr­dy.
Milli Liderimiziň «Ýoluňyz ak bolsun!» diýen parasatly jümleleri bilen ak pata bermegi bilen Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen böleginiň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň ulag kuwwatynyň üstüni ýetirdi.
Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Aş­ga­bat-Te­jen bö­le­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy, onuň gur­lu­şy­gy­nyň ýo­ka­ry hi­li­niň hal­ka­ra yk­rar­na­ma­la­ry­na eýe bol­ma­gy ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan her bir tas­la­ma­nyň gur­lu­şy­gy­na bil­dir­ilýän ýo­ka­ry hil ta­lap­la­ry­nyň iş ýü­zün­de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

As­lyn­da, şeý­le iri göw­rüm­li ýol tas­la­ma­la­ry, ga­ly­ber­se-de ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ban­lar­dyr aw­to­mo­bil ýol­la­ry­ny ozal te­le­ýaý­lym­lar­da baş­ga döw­let­ler­de gu­rul­ýan­dy­gy­ny gör­ýän bol­sak, in­di şeý­le tas­la­ma­la­ryň öz ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­nyň jan­ly şa­ýa­dy bol­ýa­rys. Aw­to­ban­lar tu­tuş dün­ýä­de uly meş­hur­ly­ga eýe­dir. Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy onuň di­ňe ýo­ka­ry tiz­lik­li he­re­ket üçin ni­ýet­le­nen­di­gin­den yba­rat­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, bu ýo­ka­ry tiz­lik­li ýol beý­le­ki ýol­lar, şol san­da aw­to­mo­bil ýol­la­ry ýa-da bir de­re­je­dä­ki we­lo­si­ped ýo­da­jyk­la­ry bi­len ke­siş­me­ýär.
Şu ýer­de kä­bir mag­lu­mat­la­ra sal­gy­lan­sak, il­kin­ji tö­leg­li ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­ly 1924-nji ýy­lyň 21-nji sent­ýab­ryn­da Ita­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da gur­lup, ol 43 ki­lo­metr uzyn­ly­gyn­da bo­lup, bu ýol Mi­lan bi­len Wa­res şä­her­le­ri­ni bir­leş­di­rip­dir. 1939-njy ýy­la çen­li Ita­li­ýa­da şeý­le ýol­la­ryň uzyn­ly­gy 500 ki­lo­met­re deň bo­lup­dyr. Ger­ma­ni­ýa­da bol­sa, il­kin­ji ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­ly («Au­to­bahn») 1932-nji ýyl­da Kýoln bi­len Bonn şä­her­le­ri­ni bir­leş­dir­ýän 20 ki­lo­metr­lik ýol bo­lup­dyr. Soň­lu­gy bi­len ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ban­la­ryň gur­lu­şy­gy Be­ýik Bri­ta­ni­ýa, Fran­si­ýa we ABŞ ýa­ly döw­let­ler­de giň­den al­nyp bar­lyp­dyr. XXI asy­ryň baş­la­ryn­da bol­sa, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy aw­to­ban­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da öň­de­li­gi eýe­läp, 5 ýy­lyň do­wa­myn­da 37 müň ki­lo­metr­den gow­rak aw­to­ban­ gu­rup­dyr.
Ýur­du­myz­da gurlan ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň al­ty he­re­ket zo­la­gyn­dan yba­rat bol­ma­gy, onuň ýer dü­şe­gi­niň giň­li­gi­niň 34,5 metr, ýol he­re­ket bö­le­gi­niň giň­li­gi­niň her ta­rap­da 11,25 metr, he­re­ket zo­la­gy­nyň giň­li­gi­niň bol­sa 3,75 metr bol­ma­gy dün­ýä­de şeý­le des­ga­la­ra bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän iri tas­la­ma­lar bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di.
Uzyn­ly­gy 600 ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lan Aş­ga­bat-Türk­me­na­bat aw­to­mo­bil ýo­ly ýur­du­my­zyň ýol ul­ga­my­nyň ge­çi­ri­ji­lik uky­by­ny, lo­gis­tik hyz­mat­la­ryň hi­li­ni ep-es­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag dü­zü­mi­ni hem-de döw­le­ta­ra söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­my­zyň Ahal we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň çäk­le­rin­den ge­çip, Aş­ga­ba­dy Le­bap we­la­ýa­ty bi­len bir­leş­dir­jek bu ýol ýo­lag­çy­la­ryň­dyr ýük­le­riň gys­ga wagt­da, bök­denç­siz gat­na­dyl­ma­gy­ny üp­jün eder.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­myz­da ulag-lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­ni ös­dür­mä­ge uly üns be­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, esa­sy aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ry çe­kil­di, Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­ty gu­rul­dy. Ýur­du­myz­da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ýol ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge we mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len çä­re­le­r Azi­ýa­da mö­hüm ulag we lo­gis­ti­ka mer­ke­zi hök­mün­de türk­men döw­le­ti­niň eýe­le­ýän or­nu­ny has-da ber­kit­di.
Ýur­du­myz­da gur­lan iri tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra gat­na­şan köp san­ly da­şa­ry ýurt­ly myh­man­la­ryň çy­kyş­la­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa ul­ga­my­nyň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­na ýe­ne bir ge­zek göz ýe­ti­ren­dik­le­ri­ni bel­läp geç­mek­le­ri, ýur­du­my­zyň ulag ul­ga­myn­da yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş bo­lup dur­ýan­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Gur­ban­my­rat GUL­MY­RA­DOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.