Kaşaňlygy we sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýan paýtagtymyz Aşgabada geljegi nazarlaýan şäher hökmünde baha berilmeginde çuňňur many bar. Taryh üçin örän gysga döwürde Watanymyzyň baş şäheri dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlary bilen üpjün edilen häzirki zaman hassahanalaryny özünde jemleýän iri lukmançylyk merkezine öwrüldi. Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor, birnäçe düýpli ylmy işleriň awtory, köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden hormatly Prezidentimiz halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerini hem-de dünýä lukmançylygynyň şu günki ösüşlerini öz içine alýan milli saglygy goraýyş ulgamynyň döredilmeginiň gözbaşynda durýar.
«Halkymyzyň saglygy – Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikleriniň we ýeten derejesiniň kepili». Bu jümlede hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ýörelgeleri jemlenendir.
Häzirki wagtda paýtagtymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň düzüminiň üsti täze toplumlar bilen ýetirilýär. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji iri ugurdaş düzümleriň ulanylmaga berilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şolaryň biri hem Halkara newrologiýa merkezi bolup, häzirki zaman talaplaryna kybap gelýän hassahanalaryň biridir. Bu hassahana Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen abzallaşdyryldy. Bu bolsa ylmy-barlag işlerini alyp barmaga we çylşyrymly operasiýalary ýerine ýetirmäge mümkinçilik döretdi.
Bu merkez paýtagtymyzyň günorta künjeginde – Berzeňňidäki «Saglyk» şäherjiginde 2016-njy ýylda açylyp ulanmaga berildi. Bu iri hassahana ýurdumyzyň esasy ylmy-barlag we bejeriş-anyklaýyş merkezi bolup, newrologiýa we garyşyk ugurlar babatda islendik wezipeleri çözmäge ukyplydyr. Bu ýerde newrologik keselleri bejermek üçin zerur bolan ähli şertler döredildi.
Ýiti insult ýüze çykan halatlarynda gaýragoýulmasyz anyklaýyş çäreleri: MRT, KT, beýniniň angiografiýa barlagy geçirilýär. Netijede, gysga wagtyň içinde insultyň görnüşi anyklanylýar we gaýragoýulmasyz ýagdaýda bejergi berilýär. Ylaýta-da, ýiti işemiki insultda ulgamlaýyn trombolizis bejergisi giňden ulanylýar. Beýniniň uly magistral damarlarynda okklýuziýa (dykylmak) ýüze çykan ýagdaýynda, beýniniň damaryndan tromby aýyrmak maksady bilen operasiýa geçirilýär. Şeýle-de, merkezde başga-da köp sanly bölümler hereket edýär.
Beýniniň gan aýlanyşynyň ýiti bozulmalarynda ulanylýan adalga bolan insult (urgy, zarba) hakda ilkinji ýatlamalar Gippokratyň miladydan öňki 460-njy ýyllarda ýazan ylmy işlerinde gabat gelýär. Soň gadymy Rim lukmany Galen ony «urgy» diýen adalga bilen bellige alypdyr. Germaniýaly lukman Rudolf Wirçow (1821-1902) bu keseliň döreýşine düşünmekde möhüm goşant goşup, «tromboz» we «emboliýa» adalgalaryny girizdi. Olar insultyň diagnozynda, bejergisinde we öňüni almakda henizem möhümdir. Germaniýaly bu lukman arterial trombozyň damar diwaryna ýag ýygnamagyndan döreýändigini we ateroskleroz bilen baglanyşyklydygyny ýüze çykardy.
Häzirki wagtda saglygy goraýyş ulgamyna täze telekommunikasiýa we kompýuter tehnologiýalary, aradaşlyga garamazdan, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli hünärmenleri bilen tejribe alyşmaga, meýilnamalaýyn we lukmançylyk kömegini bermek hem-de anyklaýyş, bejeriş we dürli keselleriň öňüni almak babatda geňeşmeleri geçirmäge kömek edýär. Halkara hyzmatdaşlyk döwletimiziň täzeçil saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir. Munuň özi ýokary hünärli lukmanlaryň taýýarlanylmagynda täzeçil çemeleşmeleri talap edýär.
Halkyň saglygy diňe bir ýurdumyzyň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr.
Resul Nepesow,
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara newrologiýa merkeziniň beýni gan
aýlanmasynyň ýiti bozulmasy bölüminiň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.