Jebran Halil Jebran, liwan-amerikan ýazyjysy.
(Hekaýa)
(5-nji bölüm)
Dowamy.
Ondan soň barjamly bir adam:
– Bize haýyr-sahawat barada gürrüň bersene – diýdi.
Ol şeýle jogap berdi:
– Haçan-da, siz öz zadyňyzdan bir bölek berýärkäňiz, onçakly zat ýitirmeýärsiňiz.
Haçan-da, janyňyzdan bir zatlar eçilseňiz, şonda bir zatlar berýärsiňiz.
Çünki emläk munuň özi ertirki gün gerek bolar öýdüp, gorkyňyza gorap saklaýan zadyňyzdan başga näme bolup biler?
Haçan-da, zyýaratçylaryň yzyna düşüp, mukaddes şähere barýarka, özüne oklanan süňkleri ýolsuz-ýodasyz çägede gömen, çendenaşa eserdeň ite ertirki gün näme getirer!?
Mätäçlik gorkusy, mätäçlik bilen deň dälmi?
Guýyňyz suwdan doluka, teşnelikden gorkmak teşneligiňi gandyryp bilmezlikden başga hiç zat dälmidir?
Bar zadyndan juda az berýänler bolup, olar özlerini ykrar etdirmek üçin berýärler we gizlin islegleri beren sowgatlaryny bihuda edýär.
Emma az zada eýe bolup, ähli zadyny bagyşlaýanlar bar.
Bular durmuşa, onuň sahylygyna ynanýanlar bolup, olaryň sandygy hiç haçan boş bolmaýar.
Hoşallyk bilen berýänler bolup, şol hoşallyk olaryň serpaýydyr.
Dert bilen berýänlerem bolup, şol dert olaryň jepasydyr.
Şeýle hem agyry-ünjüsiz berip, ondan kanagatlanma gözlemeýän, ýagşylygyny unudýan ynsanlar bar;
Olar alysdaky derede ösüp oturan mirt gülleriniň hoşboý ysyny töwerege ýaýradyşy ýaly eçilýärler.
Taňry şeýle adamlaryň elleri bilen gürläp, şolaryň gözleri bilenem Zemine gülüp bakýar.
Soralanda bermek gowy, ýöne soralmaka bermek has gowudyr;
Sahy adam üçin sowgat aljak birini gözläp tapmak bermegiň özünden hem uly kanagatlanma döredýär.
Eýsem, siziň saklap biljek heý bir zadyňyz barmy?
Bar zadyňyz bir gün dargadylar.
Şonuň üçin häzir beriň, goý, berilýän wagt mirasdarlaryňky däl-de, siziňki bolsun.
Siz köplenç “Men berjek, ýöne diňe mynasyplara” diýýärsiňiz.
Siziň miweli bagyňyz, öri meýdanyňdaky sürüleriňiz şeýle diýenok.
Olar ýaşamak üçin berýärler, çünki ýygşyryp saklamak berbat bolmak bilen barabardyr.
Durmuş ummanyndan içmäge mynasyp bolan adam, öz pyýalasyny seniň kiçijik çeşmäňden doldurmaga hem haklydyr.
Haýyr-yhsany kabul etmek üçin batyrgaýlyk, ynam, hatda merhemet zerur bolup, eýsem-de bolsa, şondan agyr ýük bolup bilermi?
Ilki bilen siz özüňiziň peşgeş bermäge we bermegiň guraly bolmaga mynasypdygyňyz hakda oýlanyp görüň.
Çünki hakykatda, diňe durmuş durmuşa berýär, sen bolsaň, özüňi berýän saýýaň, aslynda welin, sen diňe şaýatsyň.
Siziň ähliňiz alyjysyňyz – özüňe we eçilýäne boýuntyryk salmazlyk üçin hoşallygyň agyr ýüküni egniňde göterme.
Has dogrusy, eçilýäniň sowgatlary bilen ganatlanan ýaly asmana göteriliň;
Sebäbi aňyňy minnetdarlygyň ýüki bilen doldursaň, erkin ýürekli Ýeri ene, asmany bolsa, ata hökmünde kabul edip, eçilýäniň jomartlygyna şübhelendigiňiz bolar.
(dowamy bar)
Iňlis dilinden terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.