Portugaliýada nobatdan daşary parlament saýlawlary 30-njy ýanwarda geçiriler. Bu barada ýurduň Prezidenti Marselo Rebelo di Sousa mälim etdi.
– Men Respublikanyň parlamentini ýatyrmak we 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda saýlaw geçirmek barada karara geldim. Hemişe bolşy ýaly, aýgytly pursatlarda portugaliýalylar ýurduň geljeginiň iň gowy kepili – diýip, döwlet baştutany ýurduň telewideniýesinde eden çykyşynda belledi.
Ol ýurduň mejlisi hökümet tarapyndan teklip edilen býujet taslamasyny tassyklamasa, parlamentiň ýatyrylmagy we wagtyndan öň saýlawlaryň geçiriljekdigi barada duýduryş berendigini ýatlatdy.
– Bu hemmämiz üçin möhüm pursatda ähmiýetli býujetdi. Portugaliýa häzirki wagtda diňe bir pandemiýa däl, eýsem, onuň getiren sosial-ykdysady çökgünligi bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar – diýip, döwlet baştutany belledi.
– Beýleki partiýalaryň sosialistik hökümetiň teklip eden býujetini goldamakdan ýüz öwürmegi, 2015-nji ýyldan bäri dowam edýän hökümet goldawyny düýbünden böldi – diýip, Sousa belledi.
Portugaliýanyň parlamenti 27-nji oktýabrda hökümet tarapyndan taýýarlanan 2022-nji ýyl üçin býujet taslamasyna garşy ses berdi. Prezident Marselo Rebelo de Sousa emele gelen ýagdaýyň wagtyndan öň parlament saýlawlarynyň geçirilmegine sebäp boljakdygyny duýdurdy. Portugaliýanyň döwlet geňeşi 3-nji noýabrda mejlisiň ýatyrylmagyny tassyklady.