Aşgabatda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar. Iki gün dowam eden bu ýöriteleşdirilen forumyň esasy maksady telekommunikasiýa pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr.

Da­şa­ry ýurt­ly gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy hem bu mas­la­ha­ta gat­naş­dy, kom­pa­ni­ýa şu çä­rä­niň pla­ti­na he­ma­ýat­kä­ri bo­lup dur­ýar. Bi­rin­ji gü­nüň umu­my mej­li­sin­de «Huawei» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Ýew­ra­zi­ýa se­bi­ti­niň Ope­ra­tor­lar bi­len iş­le­mek bo­ýun­ça Prezidenti je­nap Zhao Lei çy­kyş edip şeý­le diý­di:
– Sö­zü­miň ba­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň hormatly Prezidentine her ýyl ge­çi­ril­ýän «Türk­men­tel» mas­la­ha­ty­na gat­naş­mak müm­kin­çi­li­gi üçin min­net­dar­ly­gy­my bil­dir­mek is­le­ýä­rin.
Il­ki bi­len «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy ha­kyn­da mag­lu­mat­la­ry si­ziň bi­len paý­laş­mak is­le­ýä­rin. 2020-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa ta­ra­pyn­dan ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de tä­jir­çi­li­gi ös­dür­mek­de 3,8% ösüş ga­za­nyl­dy we ýyl­lyk gir­de­ji­si 891,4 mil­liard ýua­na deň bol­dy. R&D iş­le­ri­ne ma­ýa go­ýum möç­be­ri bo­ýun­ça biz dün­ýä­de 3-nji or­ny eýe­le­ýä­ris. «For­tu­ne 500» reý­tin­gin­de «Huawei» kom­pa­ni­ýa­sy 44-nji or­na çyk­dy.
Hä­zir­ki wagt­da «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tej­ri­be­si­ni we glo­bal ten­den­si­ýa­la­ry­ny ha­sa­ba al­mak bi­len öz pi­ki­ri­mi paý­laş­mak is­le­ýä­rin. Kom­pa­ni­ýa üçin dur­nuk­ly ösü­şiň we pu­da­gyň li­de­ri hök­mün­de öz or­nu­ny sak­la­ma­gyň aça­ry – in­no­wa­si­ýa gö­nük­di­ril­mek­den yba­rat­dyr.
5G ul­ga­myn­da do­wam­ly we mak­sa­da gö­nük­di­ri­len göz­leg­le­ri we iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ry ne­ti­je­sin­de 10 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri «Hua­wei» tu­tuş dün­ýä­de 5G-de li­der bol­dy. Hä­zir­ki wagt­da «Hua­wei» 5G pa­tent­le­ri­niň 15,4%-ine eýe bo­lup, dün­ýä­de bi­rin­ji ýer­de dur­ýar. Dün­ýä­niň 72 ýur­dun­da we se­bi­tin­de 180-den gow­rak 5G ul­ga­my iş­le­ýär. Bü­tin dün­ýä­de 1,5 mil­li­on­dan gow­rak 5G bin­ýat stan­si­ýa­la­ry gu­rul­dy. Ola­ryň kö­pü­si «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär we üp­jün edil­ýär. Bir­nä­çe ga­raş­syz gu­ra­ma­lar dün­ýä­niň iň iri şä­her­le­rin­de 5G ul­ga­my­nyň hil öl­çeg­le­ri­ni ge­çir­di. Se­ul, Ams­ter­dam, Mad­rid, Sýu­rih, Gon­kong we Er-Ri­ýad şä­her­le­rin­de «Hua­wei» ul­gam­la­ry­nyň hi­li go­wy ha­sap­lan­dy. Se­na­gat­da 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy san­ly trans­for­ma­si­ýa üçin wa­jyp bol­dy. Dün­ýä­de 20-den gow­rak se­na­gat pu­da­gy­ny öz içi­ne al­ýan 10000-den gow­rak 5G-to-B tas­la­ma or­naş­dy­ryl­dy. My­sal üçin, «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy we Hy­ta­ýyň ope­ra­tor­la­ry 500 metr­den gow­rak çuň­luk­da ýe­ras­ty şah­ta­syn­da 5G to­ru­ny işe gi­riz­di­ler. Iş­gär­ler in­di 5G ul­ga­my ar­ka­ly eks­ka­wa­to­ry uzak­dan do­lan­dy­ryp, aw­to­ma­ti­zir­le­nen we howp­suz önüm­çi­li­gi dö­re­dip bi­ler­ler. Bu önüm­çi­li­giň ne­ti­je­li­li­gi 30% ýo­kar­lan­dy. «Hua­wei» bi­len güýç­li li­der hök­mün­de 5G teh­no­lo­gi­ýa­la­ry kär­ha­na­la­ra, se­na­gat pu­dak­la­ry­na we jem­gy­ýe­te aja­ýyp yk­dy­sa­dy gym­mat­ly­gy ge­tir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. 6G ba­ra­da aý­dy­lan­da, «Hua­wei» 2017-nji ýyl­da 6G ba­ba­tyn­da göz­leg we iş­läp ta­ýy­ar­la­ma­lar işi­ne baş­la­dy. 2030-njy ýyl­da dün­ýä­de 6G ul­ga­my­nyň işe baş­la­ma­gy­na ga­raş­ýa­rys.
In­no­wa­si­ýa­lar ne­ti­je­sin­de «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň san­ly plat­for­ma­sy has köp kär­ha­na­lar we hyz­mat­daş­lar üçin esa­sy saý­la­ma öw­rül­ýär. 2020-nji ýyl­da 220% ösüş dep­gi­ni bi­len «Hua­wei Clo­ud» dün­ýä­de iň çalt ös­ýän bu­lut hyz­ma­ty­nyň pro­waý­de­ri bol­dy. Dün­ýä­niň 500 iri kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy­ny san­ly trans­for­ma­si­ýa bo­ýun­ça öz hyz­mat­da­şy hök­mün­de saý­la­dy. Se­na­ga­tyň san­ly trans­for­ma­si­ýa­sy­na çuň­ňur dü­şün­ýän­di­gi se­bäp­li, se­na­gat buý­ru­jy­la­ry ta­ra­pyn­dan giň­den ta­nal­ýan «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy ýo­ka­ry de­re­je­li me­ýil­na­ma­laş­dyr­mak we öň­de­ba­ry­jy IKT çöz­güt­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek uky­by­na eýe­dir.
Köp ýurt üçin san­ly yk­dy­sa­dy­ýet yk­dy­sa­dy ösüş üçin iter­gi bo­lup dur­ýar. San­ly yk­dy­sa­dy dö­wür­de biz IKT inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny gur­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny gör­ýä­ris. Je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi­ni hö­wes­len­dir­me­giň iň tä­sir­li usu­ly – IKT inf­rast­ruk­tu­ra­sy­na ma­ýa go­ýum­la­ry­ny art­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. «Ro­lan Ber­ger» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ge­çi­ren göz­leg­le­ri IKT-e ma­ýa go­ýum­la­ry­nyň 20% ýo­kar­lan­ma­gy­na, je­mi içer­ki önü­miň 1% ýo­kar­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Glo­bal san­ly yk­dy­sa­dy­ýet glo­bal je­mi içer­ki önüm­den 2,5 es­se çalt ös­ýär. Hä­zir­ki wagt­da IKT inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň äh­mi­ýe­ti­ne has köp üns be­ril­ýär. Köp ýurt­lar­da san­ly ösüş mak­sat­la­ry anyk­laş­ýar we ola­ra ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len sy­ýa­sat­lar has pred­met­li we hö­wes­len­di­ri­ji bol­ýar.
Bu ýyl Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy we «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da iş alyp bar­ma­gy­nyň 21 ýyl­ly­gy bel­len­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň hormatly Pre­zi­den­ti­niň gol­da­wy, hö­kü­me­tiň we ope­ra­tor­la­ryň yna­my ne­ti­je­sin­de «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň alyp bar­ýan işi şu ýyl­la­ryň do­wa­myn­da ýo­kar­lan­dy. «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň hor­mat­ly Preziden­ti­niň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da tu­tuş jem­gy­ýe­tiň eş­re­ti­ne IKT inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň ösü­şi­niň çalt­laş­jak­dy­gy­na berk ynan­ýar. «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy üçin ýur­duň ösü­şi­ne go­şant goş­mak uly ab­raý bo­lar.