11-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilen ýylynda pagtaçy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň bilelikdäki tagallasy esasynda “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnadan gowragy Watan harmanyna tabşyryldy.
Pagta süýümi lukmançylyk pamygyny, arassaçylyk, dürli sargy we beýleki serişdeleri öndürýän kärhanalaryň, lukmançylyk senagatynyň esasy çig maly bolup durýar. Şeýle hem pagta senagat taýdan gaýtadan işlemek we birnäçe azyk önümlerini taýýarlamak üçin niýetlenendir. Ýagy we ýokary bejerijilik ukyby bolan, ilatyň arasynda uly islegden peýdalanýan gowaça gülüniň baly ýokumlylyk derejesi boýunça gymmatly önümleriň hatarynda durýar.
Watan harmanyna 1 million 250 müň tonnadan gowrak ýokary hilli pagta tabşyran daýhanlar şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz daýhanlaryň bu üstünliginiň aňryçäk däldigini belledi.
Milli Liderimiz Ahal welaýatynyň Gökdepe, Bäherden we Ak bugdaý, Balkan welaýatynyň Magtymguly, Bereket we Esenguly, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky, Gubadag we Akdepe, Lebap welaýatynyň Çärjew, Darganata we Saýat, Mary welaýatynyň Tagtabazar, Baýramaly we Wekilbazar etraplarynyň hasyl ussatlarynyň gazanylan ýeňşe mynasyp goşant goşandyklaryny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň pagtaçylaryna we oba hojalyk pudagynyň ähli işgärlerine olaryň öndürijilikli zähmetleri we gazanan ýeňişleri üçin minnetdarlyk bildirdi.