Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň güýçli depginlerde ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalara, bäsdeşlige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Häzirki zaman tehnologik ösüş, şol sanda ykjam çözgütler, bulut tehnologiýalary, maglumatlaryň sanly seljermeleri elektron işewürlige täze mümkinçilikleri açýar.
Döwür ähli ugurlarda döwrebap özgertmeleriň zerurdygyny talap edýär. Döwür bilen deň aýakdaş gitmek babatynda hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda düýpli özgertmeler geçirilýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň milli ykdysady kuwwaty ýokarlandyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmakda ähmiýetiniň ýokarlanýandygyny alamatlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, sanly ykdysadyýet – sanly tehnologiýalary ulanmagyň esasynda ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol sanly telekommunikasiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýan ykdysadyýetdir.
Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” kabul edilmegi “Elektron hökümeti” ulgamyny döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlemegi, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmegi, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmegi göz öňünde tutýar. Bu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynda ýerine ýetirilmeli işleriň anyk ugurlary, ýerine ýetirijileri we möhletleri kesgitlenildi. Döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegi, elektron Hökümeti ulgamynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny hem-de Garaşsyz Watanymyzy we jemgyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýan beýleki maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam eder. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sanlylaşdyrmak işleri has oňat guramaga, utgaşdyrmaga hem-de netijeliligine we hiline gözegçilik etmäge ýardam edýän netijeli dolandyryş guralydyr hem-de döwrüň wagty gelen zerurlygydyr.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler bilen hatarda, sanly bilim hünäre gönükdirmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, goşmaça bilimleri girizmek arkaly kämilleşdirilýär, bu bolsa ýokary taýýarlykly hünärmenleriň üpjünçiligini hem-de olaryň hünäre we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Gysgaça aýdylanda sanly ykdysady ulgamyň Milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy innowasion ösüş we öňdebaryjy tehnologiýa arkaly önümçilik harajatlaryny, sarp edilýän wagty ep-esli azaltmagyň hasabyna serişdeleriň tygşytly we daşky gurşawa zyýansyz ulanmaga, ylmyň köp talap edilýän pudaklarynda iş bilen üpjünçiligi hil taýdan ýokarlandyrmaga, elektron resminamalar dolanyşygyna we şahsyýetiň elektron identifikasiýasyny kemala getirmäge oňyn täsirini ýetirer.
Kerim Babaýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.