Golaýda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan şahyr zenan Altyn Baýramdurdyýewanyň “Daragt” atly täze kitaby neşir edildi. Şahyr zenanyň soňky ýyllarda döreden hyjuwly goşgulary girizilen täze kitaby hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşigine hödürlenipdir. Şahyr zenanyň täze kitabyna girizilen Watançylyk, yşk-söýgi mowzugyndaky goşgulary esasan, inçeligi, wakalaryň beýan edilişiniň täzeçilligi we ýürege has ýakynlygy bilen tapawutlanýar. Olarda zenan kalbynyň söz bilen beýan edip bolmajak täsin duýgularynyň “ýürek gürsüldisini” duýmak kyn däl.

Ylhamly şahyryň mundan ozal, “Ýalňyzlykda geregim”, “Altyn kalbyň joşguny”, “Söýgiňe söýendigim”, “Gül gerek maňa” atly goşgular ýygyndyly kitaplary-da çap bolup çykypdy. Olarda awtoryň Watana, il-güne hormaty, söýgüsi, durmuş öwrümlerindäki çuňňur pelsepeleri beýan edilip, halk köpçüliginiň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolupdy. Şahyryň “Daragt” atly häzirki goşgular ýygyndysy bäşinji kitabydyr.

Şu günki günde kalby ylhamly şahyr Altyn Baýramdurdyýewa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda, ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini has joşgunly wasp edýär. Şahyr zenanyň gahryman Arkadagymyz hakda, rowaçlyklara beslenen ýurdumyz hakda, gözel tebigatymyz, milli toý-baýramlarymyzdyr yşk-söýgi hakda yzygiderlilikde döredýän ençeme goşgulary ýürek buýsanjy bolup ýaňlanýar. Ukybyny, gaýratyny, dogumyny, halal-päk zähmetini döredijilige bagyş edýän şahyr Altyn Baýramdurdyýewa häzirki wagtda “Bereketli toprak” gazetiniň uly habarçysy bolup işleýär.