Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň “A” toparçasynda Portugaliýa bilen Serbiýa duşuşdy. Çempionatyň final tapgyryna gatnaşjak ýygyndyny kesgitleýän bu oýunda ýer eýelerine deňlik hem ýeterlikdi. Hatda oýun şeýle ýagdaýda dowam edip, tamamlanyp hem barýardy. Oýnuň 2-nji minutynda Renato Sançesiň goly bilen portugallar Dünýä Kubogynyň petegini ellerine aldylar. Ýöne duşuşygyň 33-nji minutynda Duşan Tadiçiň batly urgusyny derwezeçi Rui Patrisio saklamak başartmady. Şonda-da bu hasap Ronaldo we ýoldaşlaryny kanagatlandyrýardy. Emma oýnuň ahyrynda, has takygy 90-njy minutda Aleksander Mitrowiçiň goly serblere hem ýeňiş hem-de Dünýä Kubogyna gatnaşmak hukugyny gazandyrdy. Şeýlelikde, Serbiýanyň ýygyndysy 13-nji gezek Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Portugaliýanyň ýygyndysy bolsa pleý-off oýnamaly bolar.

Portugaliýanyň ýygyndysy soňky 28 ýylda 39 oýunda öz meýdançasynda 2-nji gezek ýeňildi. Portugaliýanyň ýygyndysy soňky gezek 2008-nji ýylda Daniýadan soňky 2 minutda 2 gol geçirdip, ýeňlişe sezewar bolupdy.