Ýewropanyň çempiony Italiýanyň ýygyndysy bassyr ikinji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşman biler. 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen Dünýä Kubogyna Italiýanyň ýygyndysy gatnaşmandy. Olar pleý-off tapgyrynda Şwesiýadan asgyn gelip, 58 ýyldan soň ilkinji gezek, umumylykda-da 2-nji gezek futbolyň iň uly baýramçylygynyň daşynda galypdylar. Toparçasynda bir oýunda hem ýeňilmän 2-nji ýeri eýelän italýanlar myhmançylykda Demirgazyk Irlandiýanyň ýygyndysy bilen golsuz deňme-deň oýnap, Dünýä Kubogyna gönümel gatnaşmak hukugyny elden giderdiler. Olar ýoluny pleý-off tapgyryndan dowam etdirerler. Duşuşykdan soň tälimçi Mançini: Biz bir eýýäm toparçada lider bolmalydyk. Indi pleý-offda ýeňiş gazanyp, Dünýä Kubogyna gatnaşmaly bolarys. Meniň muňa ynamym uly” diýip, beýanat berdi. Italýanlaryň ornuna Bolgariýany 4-0 (Okafor 48, Wargas 57, Itten 72, Froýler 90+1) ýeňen Şweýsariýa toparçada ýeňlişsiz lider bolup, 12-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandylar.