Künji biziň ýurdymyzda, esasan, Daşoguz welaýatynyň çäginde has köp ösdürilip yetişdirilyär. Künji ýag almakda, süýji önümlerini taýýarlamakda örän ähmiýetli. Künji ýagy beýleki ösümlik ýaglaryna seredeňde özüniň ýokumlylygy, tagamy bilen aýratyn tapawutlanýar. Hut şunuň bilen baglylykda ilatymyz bu önüme köp isleg bildiryärler. Künji ösümligini ösdürip yetişdirmek beýleki ösümliklerden tapawutlylykda bu ösümlik gögerenden soň suw talap etmeýär. Gyş aýlarynda künji ekiljek ýerler mazaly suwdan gandyrylyp ekilen künjini diňe goşmaça dökünler bilen iýmitlendirmek, hapa haşal otlardan arassalamak, ýekelemek işleri talabalaýyk geçirilse, bol hasyl berýär. Ekilenden soň suw talap etmeýänligi üçin hem bu ekini suw az ýerlerde köp ekilyär. Künji yetişenden soň onuň hasylyny ýygnamak işi hem beýleki ekinlerinden aýratyn tapawutlanýar. Beýleki däneli ösümlikler harmanda tehnikalaryň kömegi bilen döwlip alynýan bolsa, bu ekiniň hasyly kakylyp alynýar. Künjini ýygnamak işi köp el güýjüni talap edýär. Künji bişenden soň el bilen goparylyp desseläp goýulýar. Suw tutulmandygy üçin bu ekini ormak üçin orak hem ulanylmaýar. Soňra künjüleri harman almak üçin yörite taýýarlanan ýere getirip örtügiň üstüne biri-birine söýäp dikeldip goýulýar. Bir näçe gün durandan soň künjüleriň däneleri gozalary gurap açylýar. Soňra guran künji şahalaryny başaşak tutup, örtügiň üstüne kaksaň, däneleri dökülýär. Künji dänelerini arassalamak üçin elenýär, pesräkden sowrulýar. Birkemsiz arassalanan künji haltalara salyp salkyn ýerde goýulýar. Häzirki wagtda künji ösdürip ýetişdirýän kärendeçileriň sany barha artýar. Olar özleriniň ýadawsyz zähmeti bilen ilatymyzyň bu önüme bolan isleglerini kanagatlandyrýarlar. Şu günler künji eken kärendeçiler özleriniň päk zähmetiniň netijesinde ýetişen hasylyny ýygnamak işlerini dowam etdirýärler.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.