Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynda toparçalarda birinji orny eýelänleriň iň soňkusy hem belli boldy. Öz meýdançasynda Norwegiýany soňky minutlarda Berguis we Depaýyň gollary bilen 2-0 ýeňen Niderlandlaryň ýygyndysy Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazandy. 2018-nji ýylda gatnaşyp bilmedik Niderlandlar 11-nji gezek Dünýä Kubogyna wekilçilik ederler. Toparçada Türkiýäniň ýygyndysy 2-nji ýeri eýeläp, pleý-off tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Türkler soňky duşuşygynda myhmançylykda Garadagdan 2-1 hasabynda üstün çykdy. Norwegiýanyň ýygyndysy toparçada 3-nji ýeri eýeledi.

Şeýle-de “D” toparçada Ukrainanyň, “E” toparçada Uelsiň ýygyndysy pleý-offda çykyş ederler.