Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň Demirgazyk, Merkezi Amerika we Karibler zolagynda Meksikanyň ýygyndysy ABŞ-dan soň Kanadadan hem utuldy. Kanadanyň ýygyndysy güýçli garşydaşyny 2-1 hasabynda ýeňdi. Kanadalylar meksikanlary 2000-nji ýyldan soň ilkinji gezek ýeňlişe sezewar etdi. Olara ýeňiş getiren gollaryň ikisini hem 45-2-nji we 52-nji minutlarda Kaýl Larin geçirdi. Lariniň milli topardaky gollarynyň sany 22-ä ýetip, ol ýurdunyň iň netijeli futbolçysy Dweýn De Rosario bilen deňleşdi. Häzirki wagtda 8 oýunda ýeňlişsiz barýan we birinji orna geçen Kanadanyň ýygyndysy ilkinji we soňky gezek Dünýä Kubogyna 1986-njy ýylda gatnaşypdy.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda Ýamaýka bilen ABŞ 1-1 deňme-deň oýnady. Kosta Rika Gondurasy, Panama bolsa Salwadory 2-1 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.