“B” toparçada Awstraliýa bilen golsuz deňlikden soň Saud Arabystanynyň ýygyndysy myhmançylykda Wýetnamy 1-0 hasabynda ýeňip, liderligini dowam etdirdi. Toparçada Ýaponiýanyň ýygyndysy myhmançylykda Omany Ýunýa Itonyň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňdi. Olar mundan öň Wýetnamy hem Itonyň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňipdiler. Bu ýeňişlerden soň Ýaponiýanyň ýygyndysy utugyny 12-ä çykaryp, 2-nji orna beýgeldi. Saud Arabystanydan soň Hytaý bilen hem deňme-deň (1-1) oýnan Awstraliýa 3-nji orna düşdi.

Awstraliýa-S. Arabystany: 0-0, Wýetnam-Ýaponiýa: 0-1, Hytaý-Oman: 1-1; Hytaý-Awstraliýa: 1-1, Oman-Ýaponiýa: 0-1, Wýetnam-S. Arabystany: 0-1