Bütin dünýä ykdysadyýetiniň ösüşini hasaba alýan “McKinsey & Company” maslahat beriş kompaniýasy dünýäniň baý ýurtlarynyň sanawyny paýlaşdy. Hasabatda iň baý 10 ýurt yglan edildi. Şereketiň gözleglerine görä, soňky 20 ýylda (2000 – 2020) dünýädäki baýlyk takmynan üç esse artyp, 514 trillion dollara ýetdi. 2000-nji ýylda bu san 156 trillion dollar bolupdyr. Bu prosesiň dowamynda Hytaý özüni hemişe baýlaşdyryp dünýäniň iň baý ýurduna öwrülmegi başardy. Gözlegleriň netijelerine görä, häzirki wagtda Hytaýda 120 trillion dollardan gowrak baýlyk bar. 2001-nji ýylda Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulanda Hytaýyň baýlygy 7 trillion dollar bolan bolsa, şu gün 113 trillion dollar artmak bilen 120 trillion dollara çykypdyr.

2000-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli dünýädäki girdejisiniň 60%-den gowragyny eýeleýän 10 ýurduň baýlygynyň ýokarlanmagynyň sanawy aşakdaky ýaly boldy:

Hytaý – 113 trillion dollar

ABŞ – 50 trillion dollar

Germaniýa – 14 trillion dollar

Fransiýa – 14 trillion dollar

Angliýa – 7 trillion dollar

Kanada – 7 trillion dollar

Awstraliýa – 7 trillion dollar

Ýaponiýa – 3 trillion dollar

Meksika – 3 trillion dollar

Şweýsariýa – 2 trillion dollar