Sahawatly türkmen topragy berekediň altyn açary. Bu gözel topragy Diýarymyzyň bereket çeşmesine öwrüp, tebigatyň täsin gudratly gözel ýerlerini has-da gözelleşdirip, gojaman Köpetdagymyzyň mahmal toprakly eteklerini lälezarlyga, ekinzarlyga öwrüp oturan hojalyklaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ýigit» hojalyk jemgyýetidir. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde giden giň sähraýy ýerde gurlan täze ýyladyşhanaly boz toprakly meýdanda özüniň ýetişdiren ter önümleri diňe ýurdumyzyň bazarlaryna iberilmän, eýsem, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy ýaly ýurtlara hem eksport edilýär. Tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän pomidoryň Marwelans (hoşaly), Fužumoru (gülgüne), Žuanita (çerri), Merlis (hoşaly), Altes (hoşaly) görnüşilerine isleg has-da ýokary. Ata-babalarymyzyň «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýip belleýşi ýaly, olaryň iş şertleri bilen gyzyklanyp hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Agamyrat Çaryýew bilen duşuşyp söhbetdeş bolduk. Ol bize alyp barýan işleri barada şeýle gürrüň berdi:
– Ynsan tebigata näçe ýakyn boldugyça, onuň ruhy dünýäsi, tejribesi baýlaşyp, şonça-da giň, zähmetsöýer, işe ukyply, şadyýan bolýar, ynsana mahsus tebigylyk has kämil ýüze çykýar. Türkmen tebigatynyň gözelligi, sahylygy biziň zähmete bolan yhlasymyzy has-da artdyrýar. Biz telekeçiler hem şu zatlardan ylham alyp, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden jemi 1000 (müň) gektar ýer bölegini aldyk. Ynanylan bu ýer böleginiň 865 gektary dürli ekinleri ýetişdirmäge niýetlenen açyk meýdandyr. Bu ýerde 2019-njy ýylyň 9-njy fewralynda ýerli guramalaryň, Mejlisiň deputatlarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda häzirki zaman enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanalaryň üçüsiniň açylyp ulanmaga berilmegi biz telekeçilere goýlan uly sarpa, uly hormatdyr.
Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna geçen ilkinji gününden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary öňe sürüp, ata Watanymyzda adam hakdaky, adamyň saglygy hakyndaky aladany ilkinji nobatda goýup, Diýarymyzda azyk bolçulygynyň döredilip, gündelik sarp edilýän gök we bakja önümleriniň ak bazarlarymyzda elýeterli nyrhlardan, ýylyň dört paslynda-da bol bolup durmagynyň gazanylmalydygyny nygtap geçdi. «Kiçi we orta telekeçiligi hukuk taýdan goldamaly, kärhanalaryň eýeçiligini hem-de işini üpjün etmegiň kanuny esaslaryny berkitmeli» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz telekeçiler üçin atalyk aladasyny edýär.
Biz diňe ýyladyşhanalarda däl, güneşli Watanymyzyň toprak-howa şertlerinde gök we bakja ekinleriniň irki, aralyk we giçki möhletde ýetişýän sortlaryny açyk meýdanda ösdürip ýetişdirmek bilen, ýurdumyzyň ilatynyň ter önümler bilen üpjün edilmegine öz saldamly goşandymyzy goşýarys. Bu işler bejergi tehnikalary, ekiji selkalar, tohum alýan, arassalaýan maşynlar arkaly ýerine ýetirilýär. Biz Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da artdyrmak üçin ýerden, suwdan, dökünden tygşytly peýdalanyp, döwrebap tehnikalary, enjamlary ýerlikli ulanýarys.
Biziň hojalyk jemgyýetimizde 34 gektar ýerde 3 ýyladyşhana ýerleşdirilen. Olaryň biri 10 gektar, beýleki ikisiniň hersi 12 gektar ýer tutup, ýyladyşhanalarymyzda jemi 450-ä golaý adam zähmet çekýär. Olar Duşak şäherçesiniň we Mäne obasynyň ýaşaýjylary bolup, olary hojalyk jemgyýetiniň ýörite uly awtobuslary işe gatnadýar. Şeýlelikde, Duşak şäherçesinden 300-den gowrak, Mäne obasyndan bolsa 150-ä golaý işgärlerimiziň bökdençsiz işlemegine giň mümkinçilikler döredilen.
Häzirki günlerde pomidorlaryň ähli sortlary birkemsiz bişip ýetişdi, biz pomidor ýygymyna köpçülikleýin girişdik. Daşary ýurtlara ugratmaly önümlerimiz bilen bilelikde, ak bazarlarymyzy ter önümlerimiz bilen artygy bilen doldurmaga bizde ähli mümkinçilikler bar. Nesip bolsa, «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň hem Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna mynasyp zähmet sowgatlary bilen barjakdygyna ynandyrýarys.
Ýer bilen bagry badaşan raýatlara, telekeçilere, mülkdarlara berýän goldawdyr kömekleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlar aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, her bir tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Altyn Baýramdurdyýewa,
žurnalist.