Ýurdumyzyň dokma senagaty pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Bu pudaga yzygiderli uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Şolaryň hasabyna täze dokma toplumlary gurlup ulanmaga berilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän ýubileý ýylda ýurdumyzda iri dokma toplumlarynyň ikisi açylyp ulanmaga berildi. Olar Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplaryndaky dokma toplumydyr.
Kaka etrabynda açylan dokma toplumynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge, 3 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Bu iri toplumyň işe girizilmegi bilen, onda 1 300 adam zähmet çekýär.
Babadaýhan etrabyndaky dokma toplumynyň önümçilik kuwwaty bir ýylda 3 300 tonna inçe süýümli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap kärhana ýurdumyzda ozal hereket edýän ugurdaş senagat toplumlarynyň üstüni ýetirdi.
Diňe soňky birnäçe ýylda pudagyň düzümine dünýä bazarlarynda bu pudakdaky önümçiligiň öňdebaryjylarynyň hataryna çykmak bilen, tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň onlarçasy goşuldy. Mundan başga-da, ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleri, gön işläp bejerýän kärhanalar bar.
Şeýle-de, Dokma senagaty ministrligine degişli «Altyn asyr» söwda merkezinde we beýleki birnäçe ýöriteleşdirilen dükanlarda milli önümleri satyn almak bolýar. Şolaryň hatarynda Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala» tikin-örme, Aşgabat dokma toplumynyň «Goza», Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» haryt nyşanly önümleri, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň we beýlekileriň önümleri bar.
Dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýän türkmen dokma önümleri daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergileriň hem üns merkezinde durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma önümleri Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisindäki ýurdumyzyň pawilýonynyň bezegi boldy.
Ýurdumyzyň dokma pudagynda hem sanlylyşdyrmak işleri talabalaýyk derejede ýola goýlup, dokma toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleri onlaýn satmak üçin mümkinçilikler döredilýär. Dünýä tejribesi esasynda ýurdumyzda bu topluma degişli bolan kärhanalaryň resmi web saýtlary arkaly onlaýn söwdalar ýola goýlup başlandy.
Tagangeldi ENNEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.