Häzirki wagtda bütin dünýäde gazylyp alynýan  energiýa çeşmeleriniň azaldylmagy üçin dürli taslamalar durmuşa geçirilýär. Munuň sebäbi hökmünde energiýanyň bu görnüşleriniň ýakylan wagty howany hapalaýandygy, Ýer ýüzüniň temperaturasyny artdyrýandygy we dem alyş ýollaryna zeper ýetirýän gazlary bölüp çykarýandygy görkezilýär. Gazylyp alynýan energiýa çeşmeleriniň arasynda bolsa, esasan, kömür ýangyjynyň zyýanlydygy bellenilýär. Nebitden alynýan ýangyçlar hem belli bir derejede howa zeper ýetirýär. Emma nebitden ýangyçdan başga-da müňlerçe önüm öndürip bolýar. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, tebigy gaz beýleki gazylyp alynýan energiýa serişdelerine garanyňda has arassa hasaplanýar. Şeýle bolansoň, energiýa öndürmek üçin alternatiw çeşmeler işlenip düzülýär. Alternatiw çeşmeler hökmünde bolsa Gün we ýel beketleri has köp peýdalanylýar. Bu beketlerden elektrik energiýasyny alyp bolýar. Dürli zibillerden, oba hojalyk we azyk galyndylaryndan bolsa gaz öndürip bolýar. Käbir ösümlikler bolsa (esasan şekerçiňrik) suwuk ýangyç almakda peýdalanylýar.

Daşky gurşawyň, esasan, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin ulag serişdeleriniň alternatiw ýangyçly görnüşleri işlenip taýýarlanýar. Bularyň arasynda eletroulaglar we wodorod ýangyçly ulaglar öňe saýlanýar. Wodorod ýangyjyny almak üçin hem elektrik energiýasyna zerurlyk duýulýar. Bu ulaglar şäherleriň howasynyň arassa saklanmagyna gönüden-göni täsir edýär. Şol sebäpli bir tarapdan elektrik energiýasynyň arassa çeşmelerden alynmagy üçin taslamalar durmuşa geçirilýän bolsa, beýleki tarapdan awtoulag öndürijileri elektroulaglarynyň görnüşlerini artdyrýarlar. Birnäçe kompaniýa eýýäm islendik modeliniň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşini taýýar eden bolsa, käbir kompaniýalar diňe elektroulag öndürmek bilen meşgullanýar. Eýsem, dünýä belli bolan, “Opel” “Volkswagen”, “Audi”, “General Motors”, “Toyota”, “Nissan”, “Honda”, KIA, BMW, “Suzuki”, “Renault” we “Hyundai” ýaly brendler näçe wagtdan diňe elektroulag önümçiligini ýola goýarlarka? Eýýäm birnäçe kompaniýa alternatiw energiýa geçjek wagtyny mälim etdi. Geliň, olaryň käbirlerine seredeliň!

 

Rolls-Royce

Iňlis brendi 2023-ni ýylda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulagy bolan “Spectre”-i satuwa çykarar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda käbir modeller energiýanyň  iki görnüşinden peýdalanýar – elektrik energiýasy we benzin. Bulara gibrid ýangyçly ulaglar diýilýär. Iňlis kompaniýasy 2030-njy ýyldan başlap, Birleşen Patyşalygyň hökümetiniň çykaran kararyna laýyklykda ähli ulaglarynyň elektrik energiýasy bilen işlemegi üçin tagalla edýär.

 

Smart

Germaniýanyň “Mercedes-Benz” we Hytaýyň “Geely” kompaniýalary bilen bilelikde öndürilýän kiçi göwrümli “Smart” awtoulagy häzirki wagtda Ýewropa we ABŞ bazarynda diňe elektroulag satuwyny amala aşyrýar. “Smart”-yň global satuwdan jogapkär wekili Danýel Leskow: “Käbir adamlar üçin garaşylmadyk ýagdaý bolup biler, emma Smart dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän giň we ykjam SUV ulagyny hödürlär” – diýip belleýär. Munuň üçin 2022-nji ýylda Hytaýda täze zawod gurlar.

 

Jaguar

“Jaguar Land Rover” iňlis kompaniýasy 2025-nji ýyla çenli täze ulaglarynyň ähli görnüşiniň doly elektrik energiýasy bilen işlejekdigini mälim etdi.

 

Land Rover

Bu kompaniýa 2024-nji ýylda täze düzgüne geçer. Şeýle hem kompaniýa geljek bäş ýylyň dowamynda alty sany elektrokar modelini işläp düzer.

 

Vauxhall

Nemes “Opel”-iň iňlis “uýasy” bolan bolan “Vauxhall Motors Limited” kompaniýasy “Stellantis” toparynyň çäginde iş alyp barýar. Kompaniýa 2024-nji ýyla çenli ähli ulaglarynyň elektrik energiýaly görnüşiniň boljakdygyny mälim etdi. 2028-nji ýyldan başlap, adaty ýangyçly ulaglaryň önümçiligini dolulygyna ýatyrar.

Lotus

Bu iňlis brendi 2026-njy ýyldan başlap, dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän maşyn çykarar.

 

Aston Martin

Kompaniýanyň başlygy Lans Stroll 2030-njy ýyla çenli içinden otlanýan ulaglaryň önümçiligine dowam etjekdiklerini aýdýar. Lýuk ulaglary öndürýän kompaniýa ilkinji elektroulagyny 2025-nji ýylda çykarar.

 

Citroen

“Stellantis” toparynyň fransuz agzasy 2030-njy ýyldan başlap, diňe elektroulag öndürmegi maksat edinýär.

 

Ford

Amerikan kompaniýasy 2026-njy ýylyň ortalaryna çenli öndürýän ulag serişdeleriniň dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ýa-da “plug-in” gibrid, ýagny zarýad berip bolýan elektrik energiýaly hereketlendirijisi bolan benzinli ulag boljakdygyny mälim etdi. 2030-njy ýyldan başlap bu kompaniýa hem täze düzgüne geçer.

 

Peugeot

Fransuz kompaniýasy hereket edýän kanunlara laýyklykda iş alyp barjakdyklaryna ünsi çekip, 2030-njy ýyla çenli ähli ulaglaryny elektrik energiýasy bilen işleýän edip öndürer.

 

Genesis

Günorta Koreýanyň “Hyundai” kompaniýasynyň premium derejeli brendi häzire çenli elektrokar öndürmedi. Şeýle-de bolsa, kompaniýa ýakyn geljekde GV60 elektroulagyny satuwa çykarmaga taýýarlyk görýär. Bu kompaniýa hem nebitden alnan ýangyçdan 2030-njy ýyldan başlap el çekjekdigini aýdýar.

Mazda

Ýapon brendi 2030-njy ýyla çenli adaty ýangyçy ulaglary öndürmegi dowam etdirjekdigini belleýär. Şeýle-de bolsa bu kompaniýa howa iberilýän zyýanly gazlary azaltmak üçin dürli tehnologiýalary ulanyp, täze çözgütleri durmuşa ornaşdyrýar.

 

Mini

BMW toparynyň kiçi agzasy bolan “Mini” iň soňky benzinli ulagyny 2025-nji ýylda satuwa çykarar. 2030-njy ýyldan  başlap dolulygyna elektroulag öndürer.

Renault

Fransuz kompaniýasy 2030-njy ýylda benzinli we dizel ýangyçly ulaglaryň önümçiligini duruzar.

 

Suzuki

Ýaponiýanyň ýangyjy tygşytlaýan we kiçi göwrümli ulaglaryny öndürýän bu kompaniýasy 2030-njy ýyldan bäri adaty ýangyçly ulaglaryň önümçiligini duruzmak niýetiniň ýokdugyny mälim etdi.

 

Volvo

Şwed kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli ähli ulaglaryny elektrik energiýasy bilen işlejekdigini, şoňa çenli gibrid ulaglary bilen bir hatarda beýleki ähli modelleriň önümçiligini tapgyrlaýyn duruzjakdygyny mälim etdi.

 

Bentley Motors

Iňlis brendi 2026-njy ýyldan başlap, zarýad berip bolýan gibrid (plug-in) we elektroulaglary satuwa çykarjakdygyny, 2030-njy ýyldan başlap diňe elektroulag öndürjekdigini habar berdi.

 

 

BMW

Nemes ägirdi 2030-njy ýyla çenli global bazara hödürleýän ulaglarynyň azyndan 50 göteriminiň elektrik energiýasy bilen işleýän boljakdygyny aýdýar. Häzirki wagtda kompaniýanyň öndürýän modelleriniň 90 göteriminde azyndan bir sany elektrik energiýaly görnüşi bar. Kompaniýa 2023-nji ýyla çenli 13 sany elektroulag modeliniň önümçiligini ýola goýar.

 

Kia

“Hyundai” toparyna degişli brend benzinli ulag satuwyny duruzmagyň wagtyny aýtmagyň entek irdigini, emma şu ýyl 95g/km emissiýa maksadyna ýetmegi göz öňünde tutýandyklaryny belledi.

 

Honda

Ýapon brendi dolulygyna elektrik energiýa önümçilige geçjek wagtyny aýdan kompaniýalaryň arasynda iň yzda galany boldy. Kompaniýa 2040-njy ýyldan başlap, dolulygyna elektrik energiýasy bilen işlejek ulaglaryň önümçiligini ýola goýjakdygyny mälim etdi.

 

Nissan

Fransuz “Renault” kompaniýasynyň garamagyndaky ýapon brendi dünýäniň esasy bazarlarynda satuwa çykarjak ulaglarynyň elektrikli boljakdygyny belledi.

 

Toyota

Meşhur ýapon brendi 2025-nji ýyla çenli azyndan 15 sany elektroulag modelini, gibrid ulaglary hasaba alanyňda elektrik energiýasy bilen işleýän modelleriň sanynyň 70-den gowrak boljakdygyny mälim etdi.

 

General Motors

Amerikan brendi 2035-nji ýyldan başlap, diňe tokly maşyn çykarjakdygyny habar  berdi.

 

Audi

Nemes kompaniýasy 2033-nji ýyla çenli benzinli we dizel hereketlendirijili awtoulag önümçiligini duruzjakdygyny aýdýar.

 

Mercedes

“Mercedes” ady bilen ulag öndürýän “Daimler” kompaniýasy 2022-2030-njy ýyllar aralygynda elektroulag tehnologiýasy üçin 40 milliard ýewro maýa goýar. Bu kompaniýa beýleki bäsdeşleri ýaly 2030-njy ýyldan başlap diňe elektroulag öndürer.

 

Volkswagen

Nemes kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli Ýewropadaky ulag satuwynyň 70 göteriminiň elektroulag boljakdygyny belleýär.

 

Opel

“Stellantis” toparynyň agzasy bolan brend 2028-nji ýyldan başlap, Ýewropada diňe elektroulag satjakdygyny mälim edýär.