Biziň her birimiz uzak ömür sürmegi arzuw edýäris. Olar 100 ýaşy arka atan adamlar hem az däl. Olar durmuşa guwanyp, agtyk-çowluklarynyň şatlygyna begenip, olara öwüt-ündew berip, gazanan üstünliklerine buýsanyp ýaşaýarlar. “Uzak ýaşamagyň syry nämede?” diýip, soralanda olaryň hersi özüçegürrüň berýärler. Uzak ýaşamak üçin her bir adam durmuşyna gowy, peýdaly gylyk-häsiýetleri öwrenişdirmegi zerurdyr. Eýsem, uzak ýaşamagyň syry nämedekä? Bu barada lukmanlaryň berýän käbir maslahatlaryny dykgatyňyza ýetirýäris.
Saglygyňyzy goraň! Eger-de siz köp ýaşamak isleseňiz, onda bu barada ir wagtdan alada edip başlaň!
Sagdyn iýmitleniň! Sagdyn iýmitiň ýaşyny uzaldýandygy hakynda ençeme makalalar, subut edýän ylmy işler ýazyldy. Beden üçin ýeterlik, peýdaly iýmitiň oňat özleşmegi üçin her gezek iýeniňizde haýaldan, howlukman, tagamy gowy çeýnäp iýmelidigiňizi unutmaň.
Öz halaýan işiňiz bilen meşgullanyň! Öz söýýän kärinde işleýän adamlar adatça has ýaş görünýärler. Yhlas bilen çekilen halal zähmetiň höziri ynsan ömrüne oňyn täsirini ýetirýär. Çeken zähmetiňize döredijilik ukybyňyzy goşup işleseňiz has-da netijeli bolar.
Hereket ediň! “Herekede bereket” diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Bu ömür babatda hem şeýle. Ömrüňe uzaltmak üçin mydama hereketde bolmaly. Sagdyn bolmak üçin siziň näçe agramyňyzyň bardygy däl-de, näçe hereket edýändigiňiz esasy orun tutýar. Geçirilen barlaglara görä köp hereket edýän adamlar özlerini rahat duýup, uzak ýaşaýarlar.
Her bir zada öz şahsy nukdaýnazaryňyz bolsun! Özüniň näme isleýänini anyk bilýän adam sussupeslikden daşda bolýar. Bu bolsa onuň sagdyn bolup, uzak ýaşamagyna getirýär.
Öýke-kine saklamaň! Adam köplenç fiziki däl-de, ruhy taýdan dartgyn ýagdaýda bolýar. Bu bolsa nerw ulgamynyň bozulmagyna, zeper ýetmegine getirýär. Şeýle ýagdaýyň döremeginiň öňüni almak üçin hemişe özüňize öýke-kineden, gahar-gazapdan gorap gezmeli. Göwnüňiziň halaýan işleri bilen meşgullanyň: “Her bir kynçylykdan baş alyp çykaryn” diýen ynam bilen ýapyşyň! Meseleleriňizi ýakynlaryňyz bilen paýlaşmagy öwreniň. Ýakynlaryň söýgüsi – hemme kesellerden halas edýän dermandyr.
Ýaramaz endiklerden daşda duruň! Ýaramaz endikleriň ynsan ömrüni gysgaldýandygyny her birimiz bilýäris. Sagdyn durmuş ýörelgesi bilen meşgullanyp, uzak ömür sürmegi her biriňize arzuw edýäris!
Ogulgerek MELEKÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.