19-njy noýabrda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) Merkezi Aziýa boýunça Dolandyryjy direktory Žužanna Hargitainiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy G.Müşşikow hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdylar.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň karz-maliýe edaralarynyň, hususy pudagynyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen alyp barýan özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň ençeme ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilip başlanandygyny bellemek bilen, ekologiýa düzüjileriniň nazarda tutulmagynda, energetika we ulag pudaklarynda, ýeňil senagatda, kiçi we orta telekeçiligi goldamak ugrunda gatnaşyklaryň ösdürilmegi arkaly, ÝTÖB bilen giň gerimli hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygyny nygtady.

Şunlukda, ÝTÖB-nyň Merkezi Aziýa boýunça wekili, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistan boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Ýurt strategiýasyna laýyklykda türkmen tarapyna geljekde hem degişli goldawlary bermäge taýýarlygyny tassyklamak bilen, bu ugurda bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ulgamlaryň ählisi boýunça özara hereketleri ösdürmegiň mümkinçiliklerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.