Öten agşam (19-njy noýabry 20-nji noýara baglaýan gije) dünýäniň köp ýerinde Aý tutulmasy hadysasy boldy. Bu täsin tebigy hadysa soňky alty asyrdaky iň uzak wagt dowam eden bölekleýin tutulma hökmünde hasaba alyndy. 3 sagat 28 minutlap dowam eden tutulmada Aýa Ýeriň kölegesi düşdi. Bu bolsa täsin gözelligi emele getirdi. Bu hadysa Demirgazyk Amerikanyň ähli ýerinden, Günorta Amerikanyň bir böleginden, Aziýanyň demirgazyk-gündogaryndan göründi. Çiliden Ýaponiýa, Hytaýdan Meksika çenli birnäçe ýerde millionlarça adam taryhy waka şaýat bolmak üçin açyk meýdanlara ýygnandy.

Aý tutulmagy Ýeiň Aýa kölege düşürip, garaltmagy bilen emele gelýär. Şeýle ýagdaýda Ýeriň hemrasy adatdakydan has gyzgylt bolup görünýär. Astronomlar mundan ozal şeýle uzak wagtlyk tutulmanyň 1440-njy ýylyň 18-nji fewralynda bolup geçendigini belleýärler. Mundan soňky tutulma 2669-njy ýylda bolup geçer.