Jebran Halil Jebran, liwan-amerikan ýazyjysy.
(Hekaýa)
(6-njy bölüm)
Dowamy.
Ondan soň myhmanhananyň sakçysy bolan bir goja:
-Bize iýip-içmek barada gürrüň bersene – diýdi.
Ol şeýle jogap berdi:
-Käşgä siz Zeminiň hoşboý ysy bilen ýaşap, ösümlikler ýaly ýagtylykdan güýç alsadyňyz.
Goý, siziň supraňyz hemmeleriň bilelikde iýýän suprasy bolsun. Şeýle supranyň başynda oturanlaryň içki dünýäsiniň tokaýlaryň we düzlükleriň sap arassalygyndan-da has arassa we tämiz boljakdygyny biliň!
Almany dişläniňizde ýüregiňizden oňa şeýle diýiň:
-Seniň tohumlaryň bedenimde ýaşar. Seniň ertirki günüň gunçalary bolsa, meniň kalbymda açylarlar. Seniň hoşboý ysyň meniň nepesime öwrüler. Biz şeýdip ýylyň ähli pasyllarynda bilelikde şatlanarys.
Güýzde üzüm hasyly ýetişen meýdanyňyzdan üzümleri çarh üçin toplaýan wagtyňyz ýüregiňizden şeýle diýiň: “Menem bir üzüm agajy, meniň miwelerim hem bir gün üzüm sykylýan abzalyň çarhlarynyň arasyna düşer, meni hem täze üzüm şiresi ýaly, ebedilik küýzelere doldurup saklarlar”.
Gyşda miwe şiresini küýzeden alan mahalyňyz, ýüregiňizde her bulgur üçin aýdym bolsun, goý bu aýdymda güýz günleri, üzümçilik we üzüm sykylýan çarh barada ýatlamalar bolsun.
(Dowamy bar)
Iňlis dilinden terjime eden Ýegenmämmet Taýlyýew.