Salwadoryň hökümeti kriptowalýutanyň esasy töleg serişdesine öwrüljek dünýäde ilkinji şäheri gurmak meýilnamalaryny yglan etdi. Bitkoin-siti Konçagua wulkanynyň golaýyndaky Fonseka aýlagynda ýerleşip, bu ýagdaý şäheri energiýa bilen üpjün etmäge ýardam berer. Bu barada ýurduň prezidenti Naýib Bukele mälim etdi.
Merkezi Amerika döwletiniň baştutanynyň sözlerine görä, taslamany maliýeleşdirmek üçin Salwador dünýäde ilkinji bitkoin obligasiýalaryny çykarar. Döwlet gymmatly kagyzlary ýaýratmak maksady bilen blokçeýn kompaniýasy “Blockstream” bilen 1 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Bu kompaniýanyň çaklamalaryna görä, bitkoiniň kursunyň ýokarlanmak ähtimallygy sebäpli ýyllyk göterim girdejisi 146 göterime deň bolar.
10 ýyl möhletde üzülmeli kriptowalýuta obligasiýalary 2022-nji ýylda çykarylar. Ýygnalan serişdeleriň ýarysy Bitkoin-sitide infrastruktura desgalarynyň gurluşygyna, şol sanda, şäheri energiýa bilen üpjün etjek geotermiki elektrik stansiýasynyň gurluşygyna, şeýle-de magdançylyk şereketlerine sarp ediler, beýleki bölegi bolsa, bitkoin satyn almaga gönükdiriler.
Bitkoin-sitiniň ýaşaýjylary salgyt tölemekden boşadylar. Şu ýylyň sentýabr aýynda Salwador bitkoini kanuny töleg serişdesi hökmünde ykrar eden ilkinji ýurt bolupdy. Hatda ol ABŞ-nyň dollary bilen deň hatarda “Makdonalds”, “Starbucks”, “PizzaHut” ýaly tiz tagam zynjyrlarynda hem töleg üçin ulanylyp bilner.
Şu ýylyň başynda Hytaýda kriptowalýuta söwdasyny gadagan edýän kadalaşdyryjy düzgünleriň güýje girmegi bilen walýutanyň bu görnüşiniň gymmaty pese gaçypdy. 10-njy noýabrda bolsa bitkoin 69 müň dollardan gowrak gymmatlap, taryhy rekord goýdy.
Şu ýylyň sentýabrynda Salwador Respublikasynyň milli parlamenti “Bitcoin” kriptowalýutasyny milli puly hökmünde kabul edipdi. Onuň yzysüre ýurtda kämillik ýaşyna ýeten raýatlaryň her birine gymmaty 30 dollar bolan “Bitcoin” paýlanypdy.