Ulanyjylar telefonyna, kompýuterine, elektron poçtasyna ýa-da jemgyýetçilik torlaryndaky hasaplaryna örän ýönekeý açar sözlerini goýýar. Köp adam adyny, doglan wagtyny, doglan ýeriniň, halaýan futbol toparynyň adyny goýýan bolsa, käsi 123456, qwerty, 111111 ýaly sözleri we sanlary hem goýýar. Bilermenler aňsatlyk bilen tapyp boljak açar sözleri ulanmagyň howpludygyny belleýärler. Açar sözleri dolandyrmaga degişli programmalary işläp taýýarlaýan “NordPass” şereketi iň köp ulanylýan açar sözleri barada maglumat ýaýratdy. Maglumata görä, dünýä boýunça köp adam örän aňsat sözleri ýa-da sanlary açar söz hökmünde ulanýar. Taýýarlanan maglumatda ulanyjylaryň ulanýan açar sözleriniň adamlaryň milletine, dini ynanjyna, jynsyna görä üýtgeýändigi hem anyklanypdyr.
Adamlaryň köpüsiniň açar söz hökmünde awtoulag brendlerini we aýdym-saz toparlarynyň atlaryny ulanýandygy ýüze çykarylypdyr. Käbir adam öz adyny ulanmagy müwessa bilýär. Ýer ýüzünde 103 milliondan gowrak adam 123456 sanlaryny açar söz hökmünde ulanýar. 123456789 hem-de 12345 sanlary bolsa, degişlilikde, 46 million 27 müň 530 we 32 million 955 müň 431 adam tarapyndan ulanylýar.
Medeni gymmatlyklar hem açar söz hökmünde ulanylýar. Şunlukda, “Colocolo” Çilide, “Bacional” Braziliýada, “Sparta” Çeh Respublikasynda, “Marsilya” Fransiýada we “Schalke04” Germaniýada has köp ulanylýar. Irlandiýada meşhur içimlik bolan “guinness” sözi köp ulanylýar.
Zenanlar bolsa, “Gün şöhläm” ýa-da “Seni söýýärin’ ýaly has duýguly sözleri ulanýarlar. Erkekler bolsa, sport, esasan hem, futbol bilen bagly adalgalary ulanýarlar.