22-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, jemagat hojalygy ulgamy üçin gelip gowşan döwrebap tehnikalaryň nobatdaky tapgyrynyň netijeli işledilişi barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, geljegi nazara alyp, toplumlaýyn çemeleşmelidigini, şäheriň öz belent derejesi bilen ähli babatda nusgalyk bolmalydygyny, hususan-da, munuň adamlaryň ýaşamagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine degişlidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz bellenen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň wajypdygy barada aýdyp, Aşgabady abadanlaşdyrmak boýunça işleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda arassaçylyk kadalaryny saklamak üçin niýetlenilen ýörite tehnikalar has netijeli işledilmelidir.