Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladasy bilen ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak işleri çalt depginlerde alnyp barylýar. Munuň şeýledigini türkmen metbugatynda alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda çap edilýän islendik gazet-žurnaly saýtlaryň üsti bilen ykjam el telefonlaryň, kompýuterleriň kömegi bilen islendik ýerde okamak mümkin. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde şol sanda Köneürgenç etrabynda hem gazet-žurnallara elektron abuna ýazylyşygy dowam edýär. Bu çärä etrabymyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekýän işçi-hünärmenler işjeň gatnaşýarlar. Esasan-da, “Zaman Türkmenistan” gazetine abuna ýazylýanlaryň sany barha artýar. Çünki bu gazetiň elektron görnüşine abuna bolmak bilen habarlar, sport, okaň dynç alyň, dünýä täzelikleri, tehnologiýa, awtoulag, sungat, çagalar, saglyk ýaly sahypalaryň üsti bilen gyzykly maglumatlary, ýurdumyzyň we dünýä ýüzüniň täzeliklerini gyzgyny bilen okamak, tanyşmak, boş wagtyňy mazmunly, gyzykly geçirmek mümkin. Şeýle hem gazetiň gyzykly güýmenjeler sahypasynda çagalar üçin elektron kitapçalar, hekaýalar, ertekiler, oýunlar we oýnawaçlar, krosswordlar ýerleşdirilen. Şonuň ýaly hem elektron abuna bolmak bilen gazetiň PDF görnüşini hem ýükläp almak mümkin. Ähli ildeşlerimizi “Zaman Türkmenistan” gazetiniň elektron nusgasyna ýazylmaga çagyrýaryn. Gazetiň elektron sahypalarynda günibirin ýerleşdirilýän dünýä ýüzinde bolup geçýän täzeliklerdir, hoş habarlar hiç birimizi biparh goýmasa gerek.
Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.