21-nji noýabrda Çilide geçirilen Prezident saýlawlarynda sagçy Respublikan partiýanyň dalaşgäri Hose Antonio Kast hem-de “Men mertebäni goldaýaryn” atly çepçi koalisiýanyň wekili Gabriel Borik ikinji tapgyryna çykdylar. Bu barada ýurduň Saýlaw gullugy sesleriň 100 göterime golaýyny sanandan soňra mälim etdi.

Maglumatlara görä, Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda Hose Antonio Kast 27,99% sese eýe bolup, öňde barýar. Ikinji orunda çepçi koalisiýasynyň dalaşgäri, saýlawçylaryň 25,67% sesine eýe boldy. Üçünji orny 13% bilen Franko Parisi eýeledi. Dalaşgär saýlaw kampaniýasyny ABŞ-da geçirip, saýlaw güni-de ol Çilä gelmedi.

Çiliniň kanunlaryna laýyklykda, saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgärleriň 50%-den gowrak ses almagy esasy şert bolup durýar. Ýöne häzirli saýlawlarda dalaşgärleriň hiç birisiniň gazanan sesleri 50%-me ýetmänsoň Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň 19-njy dekabrda geçiriljekdigi mälim edildi. Ýurduň häzirki döwlet baştutany Sebastian Pinera bu saýlawlara gatnaşmaýandygy habar berilýär.

Dalaşgär Hose Antonio Kast konserwatiw syýasatçylaryň biridir. Kast salgyt ýüküni azaltmagy teklip edýär, hukuk goraýjy edaralaryň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmegini makullaýar. Gabriel Borik prezidentlige dalaşgärleriň arasynda iň ýaşy. 35 ýaşly Borik gurplular üçin salgydyň artdyrylmagyny, magdançylyk pudagyna kärende töleginiň girizilmegini goldap, ýurtda mugtuna ýokary bilim almaga geçiş baradaky pikirleri öňe sürýär.

19 milliondan gowrak ilaty bolan Çili Respublikasy Latyn Amerikasy ýurtlarynyň arasynda syýasy taýdan iň durnukly ýurtlaryň biridir. Çili Respublikasy Günorta Amerikanyň günorta-günbataryndaky döwlet bolup, Ýuwaş ummany bilen Andlaryň arasynda uzyn dar zolagy eýeleýär. Günbatarda Ýuwaş ummany bilen ýuwulýar, gündogarda Argentina, demirgazykda Peru, demirgazyk-gündogarda Boliwiýa bilen serhetleşýär. Paýtagty Santýago. Resmi dil ispan dilidir.