Bulgaria's incumbent President Rumen Radev speaks to medias after the end of the second round of the presidential election in Sofia, on November 21, 2021. - Bulgaria's outgoing president Rumen Radev is headed for a comfortable re-election win, according to exit polls for the second round of the country's presidential election, on November 21, 2021. (Photo by Nikolay DOYCHINOV / AFP) (Photo by NIKOLAY DOYCHINOV/AFP via Getty Images)

21-nji noýabrda Bolgariýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ýurduň häzirki Prezidenti Rumen Radew saýlawçylaryň 66,72% (1,532,412 adam) sesine eýe bolup, ýeňiş gazandy. Muňa sesleriň 100%-i sanalandan soň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlary güwä geçýär.

Merkezi saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, iň ýokary döwlet wezipesine dalaş edýän ikinji dalaşgär, Sofiýa uniwersitetiniň rektory Anastas Gerjikow sesleriň 31,8%-ine (732,035) eýe boldy. Saýlawlara gatnaşyk 24,12%-e deň boldy.

Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 14-nji noýabrda geçirilipdi. Şol saýlawlara gatnaşan 23 dalaşgäriň hiç birisi-de 50 göterim ses alyp bilmedi. Iň oňat netijeleri saýlawçylaryň 49,42 göterimi tarapyndan goldanan häzirki döwlet baştutany hem-de Anastas Gerdijikow (22,83 göterim) görkezip, ikinji tapgyra çykdylar.