Dubaý dünýä rekordlarynyň arasyna ýene-de bir desga goşmagy başardy. “Palm” diňinde dünýädäki ilkinji we dolulygyna “tükeniksizlik”, ýagny 360 derejäni (dört tarapyňy) görüp bolýan howuz açyldy. 200 metr belentlikde ýerleşýän “Aura Skypool” binanyň 50-nji gatynda ýerleşýär. “Asmandaky ada” diýlip atlandyrylýan bu meýdançada VIP otaglary, şeýle hem dünýä tagamlaryny hödürleýän restoran bar. Howzuň bahasy geçirilen wagta görä üýtgeýär. Giriş tölegi irden ýa-da agşam 170 dollardan başlanýar. VIP bilet bolsa, nahar we içgilerden başga 600 dollara çenli ýokarlanýar.
“Tükeniksizlik” howzuny “Sunset Hospitality” şereketi gurdy. Belentde ýerleýän, gapdalynda hiç hili çägi ýok bolup, bir tarapdan seredeniňde howzuň gyrasyndan gözýetim görünýän howza “tükeniksizlik” howzy dizilýär.
Şeýle hem Dubaýyň Jumeýra derwezesindäki “Address Beach Resort”-yň 77-nji gatynda ýerleşýän 293 metr beýiklikdäki binanyň içindäki dünýäniň iň beýik “tükeniksizlik” howzy şu ýylyň başynda Ginnesiň rekordlar kitabyna giripdi. “Aura Skypool” -dan tapawutlylykda bu howuz diňe 21 we ondan uly ýaşly myhmanhanalar üçin açykdyr.