Howadaky zyýanly gazlary azaltmak üçin diňe agaç ekmek ýa-da “ýaşyl” tehnologiýalary durmuşa geçirmek däl, eýsem, zyýanly gazlary başga maksatlar bilen ulanmaga mümkinçilik berýän tehnologiýalar hem durmuşa geçirilýär. Islandiýada howadaky kömürturşy gazyny daşa öwürýän tehnologiýa synagdan geçirilýär. Adanyň günorta-gündogaryndaky “Hellisheidi” geotermal elektrik bekediniň çägindäki desgada kömürturşy gazyndan ilkinji daşlar emele getirilip başlandy.
Bu taslama atmosferadaky kömürturşy gazyny tutmak üçin gerek bolan tehnologiýany işläp taýýarlaýan Şweýsariýanyň “Climeworks” kompaniýasy bilen Islandiýanyň “Carbfix” şereketiniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýär.
“Climeworks”-iň işläp düzen “Orca” atly enjamy äpet perler we mata turbalar arkaly howadaky gazy sorup alýar. Bu gaz himiki süzgüçlerden geçirilýär. Soňra bolsa, bu gazdan arassa gaz almak üçin süzgüç ulgamy 100 derejä çenli gyzdyrylýar. “Carbfix”-iň ylmy barlaglar boýunça müdiri doktor Kari Helgason bu işiň köp energiýa talap edýändigini belleýär. Astrofizigiň sözlerine görä, atmosferadaky 10 müň molekuladan diňe 4-isi CO2 molekulasydyr. Bilermen muny ýerde pytrap ýatan 10 müň lego bölejiginden 4 sanysyny tapyp almaga meňzedýär.
CO2 saýlanandan soňra gazy daşa öwürmek işine girişilýär. Munuň üçin CO2 gazy suwa garylyp, minerallaşmagy üçin daşly gatlagyň aşagyna iberilýär. Bu işler üçin gerek bolan energiýa golaýdaky beketden alynýar.
O diýen uly bolmadyk desga her ýylda 4 müň tonna CO2 gazyny ýygnamaga mümkinçilik berýär. Deňeşdirmek üçin, geçen ýyl Ýer ýüzünde jemi 31,5 milliard tonna gaz howa iberilipdir. Häzirlikçe kiçi hem bolsa, şeýle tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegi geljekde tebigatyň has arassa saklanmagyna ýardam eder.