Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi şenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelýär. Bu barada IRNA habarlar gullugy mälim etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda Türkmenistana sapar bilen gelýän Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, öz ýurdunyň ýokary derejeli syýasy we ykdysady wekiliýetine ýolbaşçylyk eder.

Prezident Ebrahim Raisiniň Eýranyň sebit we halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, esasan hem, päsgelçilikleri aýyrmak we EKO agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesini ýokarlandyrmak baradaky garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etmegine garaşylýar. Şeýle hem, Preziden Ebrahim Raisi ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek üçin kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirer.

EKO sebitleýin gurama bolup, Eýran, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, we Özbegistan onuň doly hukukly agzasydyr. EKO-nyň 15-nji sammiti ýekşenbe Aşgabatda geçiriler we EKO başlyklyk etmek döwri Türkmenistana geçýär.