Kanallar suw geçirmek, ýük daşamak we düeki maksatlar üçin gurulýar. Şeýle kanallarda adatça akymyň tizligini kadaly saklamak üçin bentler bolýar. Köp kanallar belentliklerde, jülgeleriň we beýleki suw akabalarynyň ugrunda gurulýar. Ýük daşamakda işjeň ulanylýan kanallar gämileriň geçmegini üpjün etmek üçin esasy deňiz suwlarynyň ugrunda gurlan ýörite suw ýollarydyr. Şeýle kanallar deňiz pudagynda möhüm ähmiýete eýe, sebäbi olar deňiz suwlarynyň esasy ulgamlaryndan gysga gatnaw ýollaryny we ýurtlaryň içinde deňiz gatnawyny kadalaşdyrmaga kömek edýärler. Dünýäniň dürli künjeklerinde gämileriň aňsat hereket etmegine kömek edýän, uzynlygy, ini we çuňlugy babatda tapawutlanýan ýüzlerçe kanal bar. Şolaryň käbiri dünýädäki iň köp gatnawly ýol hasaplanýar. Şeýle kanallaryň käbiri barada gyzykly maglumatlary taýýarladyk.
«Panama» kanaly.
Karib deňzi bilen Atlantik ummanyny birleşdirýän gämi kanalynyň uzynlygy 61,6 kilometre, ini 150 metre, çuňlugy 12 metre ýätýär. Bu kanal 1920-nji ýylyň 12-nji iýunynda açyldy. Panama kanalynyň gurluşygy adamzat tarapyndan amala aşyrylan iň uly we çylşyrymly gurluşyk taslamalarynyň biri hasaplanýar. Ol Günbatar Ýarym Şarda we bütin dünýäde gämi gatnawynyň ösüşine we ykdysadyýetine uly täsir edýär, bu bolsa geosyýasy taýdan örän ýokary ähmiýete eýedir. Gäminiň bu kanaldan geçmeginiň ortaça wagty 9 sagat, iň gysga wagty 4 sagat 10 minut. Bu kanalda her ýylda ortça 14 müň gämi geçip, takmynan 280 million tonna ýük (dünýä ummanyndaky ýükleriň 5%-i) daşalýar.
«Pekin-Hançžou Grand» kanaly.
Uly kanal hasaplanýan Pekin-Hançžou Grand kanaly dünýäniň iň uzyn we iň gadymy kanalydyr. Hytaýyň Sary derýasyny we Ýanszy derýasyny birleşdirýän kanal ýurduň birnäçe welaýatyndan geçip, başga-da ençeme derýa bilen birleşýär. Kanalyň uzynlygy 1776 kilometr bolup, Şandun dagyndan gözbaş alyp gaýdýar. Hytaýyň demirgazygy bilen günortasyny birleşdirýän bu kanal ýurduň ykdysadyýetine uly goşant goşýar. Ilkibaşda 468-nji ýylda gurlan kanal häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.
«Sues» kanaly.
193,3 kilometr uzynlykdaky Sues kanaly 1869-njy ýylyň noýabr aýynda açyldy. Müsüriň çäginden geçýän emeli suw geçelgesi Ortaýer deňzini Sues aýlagy bilen birleşdirýär. Aziýany Afrika yklymyndan aýyrýan kanal Ýewropa bilen Hindi ummany we Ýuwaş ummany bilen araçäkleşýän sebitleriň arasynda iň gysga deňiz ýoly hasaplanýar. Sues kanaly global meselelere garamazdan, deňiz söwda amallarynyň dowam etdirilmegini aňsatlaşdyrmak üçin elmydama açyk, ähli ýurtlaryň deňiz ýoly hökmünde ykrar edildi.
«Wolga-Don» kanaly.
Wolga-Don gämi kanaly Russiýanyň Wolga we Don derýalaryny birleşdirýär. Azow deňzinden Hazar deňziniň esasy umman ulgamlaryna möhüm suw geçelgesini üpjün edýär. Derýalaryň iň ýakyn nokadyndaky kanalda gurluşyk işleri XVI asyrda başlapdy. Gündogar Ýewropanyň logistika ulgamlaryny Günbatar bilen baglanyşdyrmak üçin köp geçelgäni üpjün edýändigi sebäpli bu ugur möhüm hasaplanýardy. 1952-nji ýylda açylan 101 kilometr uzynlykdaky kanal Karpowka, Bereslawka we Warwarowka ýaly üç suw howdanyndan geçýär.
«Hýuston» kanaly.
50 kilometrlik Hýuston gämi kanaly Tehas ştatynyň Hýuston şäheriniň we Meksika aýlagynyň arasyndaky möhüm suw ýoludyr. 1914-nji ýylda açylan we soňra güýçlendirilen bu kanal Tehas ştatyny ABŞ-nyň iň meşhur deňiz portlarynyň birine öwürýär. Birnäçe terminallar we gämi duralgalary bilen Hýuston gämi kanaly içerki gämi gatnawynyň ep-esli bölegine şaýatlyk edýär. Buffalo Baýuda we Galweston aýlagynda gämi gatnawynyň dowam etdirilmegini üpjün etmek üçin kanal giňeldildi we çuňlaşdyryldy.
Rim kanaly
Angliýanyň henizem ulanylýan iň köne kanaly rimliler tarapyndan 120-nji ýylda gurlan «Fossdyke nawigasiýasy» hasaplanýar.
Wenesiýa
Italiýanyň Wenesiýa şäheri ýollaryň ýerine kanallaryň bolmagy bilen meşhurdyr. Motorly gaýyklar, suwüsti awtobuslar we gara gondolalar (kiçi göwrümli kürekli gaýyk) suwuň üstünde hereket edýär. Kanalyň boýunda ýerleşýän uly jaýlar bilen bir hatarda 400-e golaý köpri bar.