24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­ny açyp, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ga­ra­mak, pu­da­gyň yk­dy­sa­dy ýag­da­ýy­na de­giş­li me­se­le­ler bo­ýun­ça mas­la­hat ge­çir­mek ka­ra­ry­na ge­len­di­gi­ni aýt­dy. Bi­ziň alyp bar­ýan ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty­myz ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz, şol san­da gaz pu­da­gy hem yzy­gi­der­li ös­ýär. Te­bi­gy ga­zyň gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­de öň­de­ba­ry­jy­la­ryň bi­ri bo­lan ýur­du­myz­da tä­ze-tä­ze gaz ýa­tak­la­ry açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­ýär. Te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­ýän döw­re­bap kär­ha­na­lar gur­lup, hal­ka­ra tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir pu­da­gyň işi­ni has ne­ti­je­li gu­ra­mak, te­bi­gy ga­zyň çy­ka­ryl­ýan möç­be­ri­ni we ibe­ril­ýän ugur­la­ry­ny art­dyr­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­ti go­wu­lan­dyr­mak üçin öň­de wa­jyp we­zi­pe­le­riň dur­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Bu ugur­da «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Mak­sat­na­ma­sy­nyň» esa­syn­da de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, bel­le­nen çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň eda­ra-kär­ha­na­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len bag­ly­lyk­da, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len ýo­la goý­lan iş­le­riň üs­tün­lik­li ber­jaý edil­me­li­di­gi nyg­tal­dy.
Şo­la­ryň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan­da gur­lan ne­bit­gaz­hi­mi­ýa kär­ha­na­la­ryn­da mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dur­nuk­ly ösü­şi­ni sak­la­mak ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň pu­dak­la­ry­ny se­na­gat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­nyň yzy­gi­der­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti ba­ra­da du­rup ge­çip, beý­le­ki pu­dak­lar bi­len bir­lik­de ýan­gyç-ener­ge­ti­ka hem-de yk­dy­sa­dy-ma­li­ýe top­lum­la­ryn­da bu ugur­da­ky me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­ler hök­mün­de ga­ral­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz bu ba­bat­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler bi­len gy­zyk­lan­dy.
Il­ki bi­len, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Abd­rah­ma­now ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­mek, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­na yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny, hä­zir­ki za­ma­nyň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny hem-de san­ly ul­ga­my we hal­ka­ra tej­ri­bä­ni or­naş­dyr­mak, da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek, te­bi­gy ga­zyň ga­zy­lyp al­ny­şy­ny hem-de da­şy­na ibe­ril­ýän muk­da­ry­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
«Ma­wy ýan­gy­jyň» çy­ka­ryl­ýan möç­be­ri­ni art­dyr­mak, gu­ýu­la­ryň önüm ber­şi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­mak ar­ka­ly tä­ze gu­ýu­la­ry öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Wi­se-prem­ýer in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak, gaz önüm­çi­li­gi­ni öňe iler­let­mek we hal­ka­ra ba­zar­lar­da ne­ti­je­li ýer­le­mek mak­sa­dy bi­len gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da-da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, geo­lo­gi­ýa-göz­leg iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň dep­gi­ni­ni art­dyr­mak, ne­bi­tiň we ga­zyň hem-de beý­le­ki te­bi­gy baý­lyk­la­ryň äti­ýaç­lyk­la­ry­ny ne­ti­je­li ulan­mak üçin de­giş­li çä­re­le­riň gö­rül­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän we gaz­hi­mi­ýa se­na­ga­ty­na da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek ug­run­da ze­rur ta­gal­la­lar edil­me­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ser­dar Berdimuhamedow ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy­ýet top­lu­myn­da iş­le­riň ýag­da­ýy, ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­ni öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hä­zir ýur­du­myz­da döw­re­bap teh­ni­ka­la­ry we iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry peý­da­lan­ma­gyň, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­ma­gyň, in­no­wa­si­on önüm­çi­lik dü­züm­le­ri­ni dö­ret­me­giň, döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä yk­dy­sa­dy ul­ga­my­na go­şu­lyş­ma­gy­ny çuň­laş­dyr­ma­gyň, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň hem-de ma­ýa go­ýum işi­ni iş­jeň­leş­dir­me­giň esa­syn­da uzak möh­let­li gel­jek üçin dur­nuk­ly ösü­şiň berk bin­ýa­dy­ny ke­ma­la ge­tir­mä­ge ni­ýet­le­nen öz­gert­me­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy.
Mil­li yk­dy­sa­dy­ýet baý te­bi­gy, yk­dy­sa­dy, ma­ýa go­ýum kuw­wa­ty­ny peý­da­lan­mak, döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mek we da­şa­ry yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len, üs­tün­lik­li di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Di­ýa­ry­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň dur­nuk­ly­ly­gy­nyň, se­riş­de müm­kin­çi­li­gi­niň hem-de ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na köp muk­dar­da gö­nük­di­ril­ýän ma­ýa go­ýum­lar bi­len hö­wes­len­di­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gy, ösü­şi üp­jün et­mek üçin ze­rur çä­re­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­nyň, halk ho­ja­ly­gy­nyň pu­dak­la­ry ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň ula­ny­ly­şy­na yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik edil­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­re ne­bit­gaz top­lu­my­na de­giş­li eda­ra­la­ryň yk­dy­sa­dy dur­nuk­ly­ly­gy­ny ga­zan­mak işi­ni güýç­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, anyk çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öň­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe­le­ri kes­git­läp, de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň gaz pu­da­gy­nyň işi­ni go­wu­lan­dyr­mak üçin tu­tan­ýer­li­lik bi­len, örän köp iş­le­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­ly­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry esa­syn­da önüm­çi­li­ge san­ly ul­ga­my or­naş­dy­ryp, gaz se­na­ga­ty­nyň kär­ha­na­la­ryn­da zäh­me­ti gu­ra­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny, mu­nuň üçin pu­da­ga da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny has köp çek­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir­ki wagt­da dün­ýä ba­za­ryn­da te­bi­gy ga­zyň sarp edi­li­şi­ni hem-de ba­ha­sy­ny düýp­li sel­jer­mek ba­ra­da wi­se-prem­ýer Ş.Abd­rah­ma­no­wa anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz türk­men te­bi­gy ga­zy­ny da­şar­ky ba­zar­la­ra iber­me­giň ge­og­ra­fi­ýa­sy­ny gi­ňelt­mek bi­len bag­ly­lyk­da, goň­şy we se­bit döw­let­le­ri­niň gy­zyk­lan­ma­sy­na gö­rä, te­bi­gy ga­zy gys­ga, or­ta we uzak möh­let­le­ýin şert­na­ma­lar esa­syn­da ýer­le­mek üçin ze­rur iş­le­ri ge­çir­mek ba­ra­da gör­kez­me­le­ri ber­di.