Ýurdumyzda ýaş nesliň döw­re­bap bi­lim we ter­bi­ýe al­ma­gy, hä­zir­ki za­man in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­ka­ryp, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, akyl we be­den taý­dan sag­dyn ne­sil­ler bo­lup ýe­tiş­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len­dir.
Bi­lim eda­ra­la­ryn­da okuw­la­ryň san­ly bi­lim esa­syn­da gu­ral­ma­gy bi­li­miň yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­na, ýaş­la­ryň hü­när taý­ýar­ly­gy­nyň kä­mil­li­gi­ne oňyn tä­sir ed­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň ba­dal­ga be­ren mil­li ösüş mak­sat­na­ma­la­ryn­da çuň­ňur na­za­ry bi­lim­le­re hem-de ne­ti­je­li teh­no­lo­gi­ýa­lar­da bir­le­şen gi­ňiş­le­ýin ama­ly tej­ri­bä esas­lan­ýan yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň in­no­wa­si­on ýo­lu­na esa­sy orun be­ril­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan, hal­ka­ra stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän tä­ze in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we mag­lu­mat-ara­gat­na­şyk en­jam­la­ry köp­çü­lik­le­ýin or­naş­dy­ryl­ýar. Döw­re­bap in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­gy bol­sa önüm­çi­li­giň tä­ze usul­la­ry­ny eme­le ge­tir­ýär.
Şeý­le in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ýan döw­rün­de bu kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ýan ýaş nesilleri ýe­tir­mek üçin hem kä­mil we san­ly bi­lim gur­şa­wy­ny dö­ret­mek mö­hüm­dir.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti, dur­muş we yn­san­per­wer ul­ga­my­ny san­ly­laş­dyr­ma­ga ugur alyn­dy, äh­li ýer­de hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter ul­ga­my we ara­gat­na­şyk se­riş­de­le­ri, elekt­ron res­mi­na­ma do­la­ny­şy­gy or­naş­dy­ryl­ýar. San­ly ul­gam­da­ky ösüş­le­re türk­men ýaş­la­ry­nyň hem go­şan­dy­ny art­dyr­mak ug­run­da ta­gal­la­ edil­ýär. Mu­ňa «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­tan­da 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, her ýyl ge­çi­ril­ýän «San­ly çöz­güt – 2021» at­ly in­no­wa­si­on tas­la­ma­lar bäs­le­şi­gi hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Ka­bul edi­len kon­sep­si­ýa la­ýyk­lyk­da, dün­ýä yl­my­nyň tä­ze ga­za­nan­la­ry esa­syn­da taý­ýar­la­nan, tä­ze­çe pi­kir­len­me­le­ri öz içi­ne al­ýan, ýur­du­my­zyň halk ho­ja­ly­gy­na san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti or­naş­dyr­mak­da giň müm­kin­çi­li­gi bo­lan prog­ram­ma üp­jün­çi­lik­le­rini iş­läp düz­ýän we in­no­wa­si­on oý­lap tap­ma­lar bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak hem-de hö­wes­len­dir­mek ba­bat­da ge­çi­ril­ýän bu bäs­le­şik esa­syn­da türk­men ta­lyp­la­ry­nyň hem-de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­ýar.
Umu­man, San­ly bi­lim ul­ga­my – mu­nuň özi di­ňe bir ylym adam­la­ry­nyň däl, eý­sem, tu­tuş yn­sa­ny­ýe­ti­niň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň ýe­ňil­leş­me­gi­dir. San­ly bi­lim ul­ga­my özün­de elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan ylym-bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry we söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri jem­le­ýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda döwrebap çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim almagy hem-de terbiýelenmegi ugrunda uly işler edilýär.

San­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de, il­kin­ji no­bat­da, bi­lim do­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny mag­lu­mat­laş­dyr­ma­ga hem mö­hüm orun de­giş­li­dir. Ze­rur bo­lan elekt­ron hyz­mat­la­ryň (elekt­ron žur­nal, elekt­ron gün­de­lik, elekt­ron ýaz­gy we beý­le­ki­ler) ýo­la go­ýul­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, san­ly bi­li­m ul­ga­my­ny ös­dür­mek­de Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de bi­lim al­ýan ýaş­la­ryň hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ösen in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi, ta­lyp­la­ryň we mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi ba­bat­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Bi­bi­je­mal KA­KA­BA­ÝE­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.