ABŞ-nyň «Fisker» kompaniýasy «ýaşyl» awtoulag önümçiligine başgaça çemeleşýär. Kompaniýa «Fisker Ocean» atly ilkinji ulagyny köpçülige görkezdi. Daniýaly Henrik Fiskeriň 2016-njy ýylda esaslandyran kompaniýasy hemmeler üçin elýeterli boljak awtoulag öndürmegi maksat edinýär. Los-Anjelesde tanyşdyrylan ulagyň içki dizaýny tutuşlygyna ösümliklerden ýa-da ozal ulanylan materiallardan ýasalypdyr. Oturgyç üçin niýetlenen halylar balykçylaryň zeper ýeten torlaryndan we ozal geýlen egin-eşiklerden öndürilipdir. Ulagyň tigirleri hem ozal ulanylan kauçuk harytlardan alnypdyr. Ulagyň köp ýerinde ulanylan metallar hem ozal ulanylan polatdan öndürilipdir. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulagyň «Ocean Sport», «Ocean Ultra» we «Ocean Extreme» atly üç görnüşlisini köpçülikleýin öndürmek göz öňünde tutulýar. Ilkinji ulag 2022-nji ýylyň noýabrynda Awstriýanyň Graz şäherindäki «Magna Steyr» kompaniýasynyň zawodynda öndürilip başlanar. Ulag bir gezekki zarýady bilen 530 kilometre çenli ýol geçer. Ulagyň ýokarsyna ýerleşdirilen Gün paneli ulagyň has uzak aralyga gitmegine mümkinçilik berer.
Muratjan JORAKULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.