Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmekde başyny başlan özgertmeleri hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we onuň dünýä bilim giňişligine goşulyşmagydyr. Şu nukdaýnazardan, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmaga, bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge, şeýle hem döwrebap hünär başarnyklaryna eýe bolan halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşant goşmaga ukyply ýokary hünärli döwlet gullukçylaryny taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.
19-23-i aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasy bilen döwlet gullukçylarynyň dolandyryşyň täzeçil çemeleşmeleri boýunça sanly ulgam arkaly uzak aralykdan gysga möhletli hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde geçirilýän gysga möhletli onlaýn okuw maslahatlarynyň dowamynda “Döwlet maliýe dolandyryşynda innowasiýalar”, “Döwlet strategik meýilnamalaşdyryş we maksatnama gönükdirilen dolandyryş usullary”, “Durnukly jemgyýetçilik-ykdysady ösüş üçin global meýiller we strategik ileri tutmalar”, “Täze nesil: Maglumat, emeli aň we döwlet hyzmatlarynyň taslamasy” we “Häzirki zaman döwlet dolandyryşy: kynçylyklar we mümkinçilikler” ýaly mowzuklar babatda gürrüň edildi. Ykdysady ulgamda bolup geçýän özgertmeler esasynda döwlet gullukçylarynyň maliýe sowatlylygynyň ähmiýeti barha artýar. Şu nukdaýnazardan, bu okuw maslahatlary döwlet gullukçylarynyň dolandyryşyň täzeçil çemeleşmelerini öwrenip, tejribede bu hili başarnyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy. Okuw maslahatlary döwlet gullukçysynyň resmi borçlaryny netijeli ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hukuk we maliýe sowatlylygyny öz içine alýan birnäçe esasy modullardan ybarat bolup, gatnaşyjylar häzirki zaman kanunçylygyndaky özgertmeleri, maliýe meýilnamalaşdyrmagyň esaslaryny, şeýle hem býujet we serişdeleri dolandyrmak usullary barada kän maglumat alyp, olary içgin öwrenýärler.


Gysga möhletli okuwlaryň esasy maksatlarynyň biri maliýe hasabatlary seljermek işinde döwlet gullukçynyň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Geçirilýän okuw maslahatlary, döwlet gullukçylaryna çylşyrymly ýagdaýlarda dogry pikirlenip, dogry karar kabul etmäge we ýerine ýetirýän işlerinde açyklygy üpjün etmäge mümkinçilik berer. Nazary bilimlerden başga-da, amaly okuwlarda gatnaşyjylar alan bilimlerini dünýä tejribesine laýyklykda ulanmaga ýardam berýän amallar, tabşyryklar we mysallar bilen üpjün edildi. Bu çemeleşme diňe bir bilimleri çuňlaşdyrman, eýsem döwlet gullukçylary üçin örän möhüm bolan tankydy pikirlenmäni hem ösdürmäge ýardam edýär.
Okuw maslahatlary tamamlanandan soň, gatnaşyjylar täze bilimlerini we başarnyklaryny tassyklaýan şahadatnamalary alarlar. Bu diňe bir olaryň hünär derejesini ýokarlandyrman, eýsem döwlet gullugynda mundan beýläk-de özgeriş üçin şertleri döreder. Şeýlelik bilen, dolandyryşyň täzeçil çemeleşmeleri baradaky onlaýn okuwlar häzirki zaman jemgyýetiniň kynçylyklaryny netijeli çözmäge we döwlet edaralarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply hünärli hünärmenleri taýýarlamakda möhüm ädim boldy.
Rus ugurdaş akademiýasy tarapyndan geçirilýän gysga möhletli okuw maslahaty Türkmenistanyň we Russiýanyň ikitaraplaýyn özara bähbitler ugrunda köptaraply gatnaşyklary berkitmäge hem-de hünär tejribesini netijeli alyşmaga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.
Kämil döwletimiziň dolandyryş işiniň kämilleşmeginde, döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda biz üçin, ýagny bilim ulgamynyň hünärmenleri üçin halkara tejribäni öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunymyzy aýdýarys.

Zalila Rozyýewa,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.