Soňky ýyllarda awtoulag kompaniýalary elektrik energiýasy bilen işleýän iki tigirli ulaglaryň önümçiligine hem üns berip başladylar. Elektroulag önümçiligine “Taycan” ulagy bilen girişen kompaniýa elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedleri hem öndürmegi meýilleşdirýär. Kompaniýa häzire çenli iki görnüşli welosiped taýýarlady. Bu ugurda has uly taslamalary durmuşa geçirmek maksady bilen Horwatiýanyň “Greyp Bikes” şereketiniň paýnamalarynyň uly bölegini satyn aldy.
“Porsche” golaýda “eBike Sport” we “eBike Cross” atly welosipedleri öndüripdi. Ýeňil materiallardan öndürilen bu ulaglar bir gezekki zarýady bilen degişlilikde 100 hem-de 125 km ýol geçip bilýär. Germaniýanyň “Rotwild” şereketi bilen bilelikde öndürilen ulaglar sagatda 25 km tizlik bilen hereket edýär. “Porsche” geljekde has köp welosiped öndürmegi maksat edinýär.