Italiýa opera, sungat we arheologiýa platfotmasyny taýýarlady. Rim şäherindäki gadymy Kolizeý arenasynda “ItsArt” atly platformanyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu platforma arkaly gadymy ýadygärliklerde alnyp barylýan gazuw-agtaryş işlerine sanly ulgam arkaly tomaşa edip bolar. Şeýle hem medeni gepleşikler, söhbetdeşlikler tomaşaçylara ýetiriler. Platformanyň başlygy Guido Kasali Italiýanyň sungatdan döredilendigini, sungatyň ýurduň jany we ganydygyny belledi.

Milandaky “La Scala” opera binasy, Florensiýadaky “Uffizi” galereýasy, Rimdäki Kolezeý we Pompeý ýaly taryhy we medeni ýerler platformada köpçülige ýetirilýän gepleşikleriň üns merkezinde bolar. Kolezeýin müdiri Alfonsina Russo Günbatar medeniýetiniň bu ýerde dünýä inendigini belledi.

Platforma üçin 95 müň sagatlyk 1 müň 200-den gowrak sözbaşy astynda konsertler, wideoly muzeýli gezelençler we italýan aýdymçylar barada dokumental filmler taýýarlandy.

Ýeri gelende bellesek, pandemiýa döwründe dünýäniň birnäçe muzeýi we taryhy ýerleri onlaýn syýahaty ýola goýupdy. Italiýada Kolizeý arenasy hem öz myhmanlaryna internet arkaly gaýybana gezelenç etmäge mümkinçilik döredipdi. Şu ýylyň iýul aýynda bolsa, Kolizeý arenasy abatlanyp, onuň ýerasty geçelgelerine ilkinji gezek köpçüligiň girmegine rugsat berlipdi.