Germaniýanyň “Lufthansa Technik” kompaniýasy asmanyň superýahtasy atly uçaryny tanyşdyrdy. Nusgalyk görnüşdäki uçarda bar, nahar iýilýän zal, maslahatlar zaly, klub, aýna petik we balkon ýaly aýratynlyklar bolar. “Airbus A330” uçarynyň bazasynda döredilen howa gämisiniň bahasynyň 325 million funt sterling boljakdygy mälim edildi. Bäş ýyldyzly oteliň rahatlygyny hödürleýän uçar 12 ýolagça niýetlenen. Sargytlary kabul edip başlandyklaryny mälim eden kompaniýa uçary gurmak üçin bir ýyl gerekdigini habar berdi.