Türkmenistanyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda ýetilen sepgitleri giňden mahabatlandyrmak, medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda bolup geçýän täzelikleri we habarlary ilat köpçüligine ýokary derejede ýetirmek hem-de bu babatda maglumatlary bermegiň usulyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine “Medeniýet” we “Syýahat” žurnallaryny goşup, olaryň binýadynda hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän “Medeniýet we syýahat” žurnalyny ýuridik şahs hökmünde bellenen tertipde döretmek hem-de şu žurnalyň 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Şeýle hem resminama laýyklykda, “Medeniýet we syýahat” žurnaly “Medeniýet” we “Syýahat” žurnallarynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlenildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugyna “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň ýokary hilli we wagtynda çap edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Medeniýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.