Pakistanyň Prezidenti doktor Arif Alwi 28-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek 15-nji Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana resmi sapar eder. Bu barada Pakistanyň “Dispatch News Desk” (DND) habarlar gullugy mälim etdi.

Prezident Arif Alwi EKO-nyň 15-nji sammitiniň umumy mejlisinde çykyş eder. Şeýle-de Prezident Arif Alwi, EKO sammitiniň çäginde gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirer.

“EKO-nyň 15-nji sammitine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Geljek üçin bilelikde” şygary bilen ýolbaşçylyk eder. Sammtiň dowamynda EKO-nyň maksatnamalaryna we işlerine syn bermekden başga-da, 2017-nji ýylda Pakistanda geçirilen 13-nji sammitde kabul edilen “ECO Vision 2025” synyna serediler. “Wizion 2025”, EKO-nyň geljegi we janlanmagy üçin giňişleýin syýasy ýol kartasy bolup hyzmat edýär we söwda, aragatnaşyk, energiýa, syýahatçylyk, ykdysady ösüş, durmuş üpjünçiligi we daşky gurşaw boýunça hyzmatdaşlygy görkezýär. Sammitde Guramanyň işine serediler we “Hereket üçin Aşgabat ylalaşygy” jemleýji resminama hökmünde kabul ediler” diýip, habarlar gullugy ýazýar.

EKO 1985-nji ýylda döredilen ykdysady söwda we ösüş üçin sebit guramasydyr. Pakistan, Eýran we Türkiýe onuň esaslandyryjy agzalarydyr. Ondan öň bu üç ýurt 1964-nji ýylda döredilen Sebitleýin Ösüş Hyzmatdaşlygynyň (RCC) agzalarydy.

1992-nji ýylda EKO Azerbaýjan, Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyzystan we Gazagystan girdi. Soň bolsa Owganystan hem agza boldy.

EKO sebiti Hytaýa, Ýewropa, Russiýa we Pars aýlagynyň ýurtlaryna ýanaşyk ýerde ýerleşýär. Sebitde dünýä ilatynyň 6,3%-i ýaşaýar. Onuň paýyna dünýä söwdasynyň 2%-den gowragy we dünýäniň jemi içerki önüminiň 3%-i düşýär. Sebit gazylyp alynýan ýangyçlara we mineral serişdelere baýdyr. Sebitara söwda 8%-den ybarat. Sebitiň esasy söwda hyzmatdaşlary Ýewropa Bileleşigi, Hytaý we ABŞ-dyr.

Pakistan 2017-nji ýylda Yslamabatda 13-nji EKO sammitini, 14-nji EKO sammitini bolsa wirtual formatda Türkiýe kabul etdi.