Şu gün – 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitinde eden çykyşynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti, öz ýurdunyň YHG-ny we onuň alyp barýan işlerini şertsiz goldaýandygyny belläp, şeýle diýdi:

– Şübhesiz, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmak, sebit guramalarynyň ähmiýetini we ornuny  güýçlendirmek biziň esasy maksadymyz bolup, munuň aýdyň görnüşlerinden biri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Köp ýyllaryň dowamynda YHG guramasynda gowy üstünlikler we öňegidişlikler gazanyldy.

Prezident Ebrahim Raisi sözüniň dowamynda Eýran Yslam Respublikasynyň YHG-daky hyzmatdaşlygynyň depginini ýokarlandyrmaga hem-de sebit we halkara gatnaşyklarynda bu guramanyň abraýyny artdyrmaga çalyşýandygyny belläp, şeýle diýdi:

– Guramanyň öňegidişlik üçin täsirli gurallarynyň bardygyna ynanýarys. Gurama agzalaryň bilelikdäki tagallalary bilen, ýurtlaryň maddy ösüşi arkaly geljekki nesilleriň abadançylygyny hem kepillendirip bolar. Eýran Yslam Respublikasy, sebiti dolandyrmagyň sebit ýurtlarynyň özleri tarapyndan amala aşyrylmalydygyna ynanýar.

-Kawkaz sebitindäki ýagdaýlaryň durnuklaşmagy sebitleýin ösüşiň täze tapgyrynyň başlanýandygyny görkezýär we bu ugurda işlemek biziň hemmämiziň borjumyzdyr. YHG agza ýurtlaryň Kawkaz bilen hyzmatdaşlygynyň guramanyň işini çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge kömek edip biler… Pars aýlagy, Gara deňiz geçelgesi ýaly sebitara hyzmatdaşlygynyň döremegi YHG agza ýurtlaryň söwda we ykdysady gatnaşyklary çaltlaşdyrar – diýip Ebrahim Raisi belledi.

Prezident soňky onýyllyklarda YHG ýurtlarynyň Owganystanyň ykdysady ösüşini we täzeden gurulmagyny goldamak maksady bilen degişli mehanizmleri döredendigini aýdyp, şeýle diýdi:

– YHG sammitiniň dünýä ýüzlenmesi Owganystanyň we onuň halkynyň ykdysady dikeldiş we ösüş ugrundaky tagallalaryna goldaw bermekden ybarat bolmalydyr. Eýran Yslam Respublikasy, hemişe bolşy ýaly Owganystanyň halkyna, bu ýurduň zehinli aýal-gyzlarynyň bilim almagyna kömek bermäge taýýardyr.

Prezident sebitdäki halklaryň özara hyzmatdaşlygynyň we doganlygynyň diňe sebitiň bähbidinedigini belläp, Eýranyň  bu ynsanperwerlik maksadyna ýetmek üçin ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaga taýýardygyny aýtdy.

Ol çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň hökümetine we halkyna bagtyýarlyk we ösüş arzuw etdi.