Ýewropa “Ýylyň awtoulagy” baýragyna dalaşgäriň arasynda finala çykan 7 ulag mälim edildi. Olaryň altysy dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýär. Ženewa awtoulag sergisiniň çäklerinde jemi 39 dalaşgär bardy. 23 ýurtda 61 emin agzasy tarapyndan saýlanjak “Ýylyň awtoulagy” 28-nji fewralda belli bolar. Finala çykan 7 ulagyň 6-synyň elektrik energiýasy bilen işleýän bolmagynyň aýratyn ähmiýeti bar. Geçen ýyl finala çykan 7 finalistiň diňe ikisi dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglardy.

Şu ýylyň finalçylary: “Cupra Born”, “Ford Mustang Mach-E”, “Hyundai Ioniq 5”, “Kia EV6 ”, “Peugeot 308”, “Renault Megane E-Tech” we “Skoda Enyaq”.